Dört sany ýaşaýyş jaýlary, 11 sany söwda dükanlary,13 sany ammarlary … rektor wezipesinde işlen Jenaýatkär döwletiň haýryna geçirdi
S.Ataýewa 2015-nji ýylyň aprel aýyndan 2020-nji ýylyň aprel aýyna çenli döwürde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinde işlemek bilen, wezipe ygtyýarlygynyň çäklerinden göz-görtele çykýan hereketleri edipdir. Ol özüne ynanylan döwlet emlägini eýeläp, ogurlap, öz bähbidine harçlamagy maksat edinipdir. S.Ataýewa wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, özüne degişli adamlara goşmaça hak töledip, döwlet serişdeleriniň artyk harçlanmagyna getiripdir.
Derňewiň dowamynda aýyplanýan S.Ataýewa degişli dört sany ýaşaýyş jaýlary, iki sany edara binalary, iki sany kafe, 11 sany söwda dükanlary, 13 sany ammarlar, 1 sany ýyladyşhana we 3 sany ýeňil awtoulaglary döwletiň haýryna geçirildi.
Şeýlelikde, derňew işleriniň netijeleri boýunça S.Ataýewa jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen, oňa azatlykdan mahrum etmek bilen bagly berk jeza çäresi bellenildi.
Ussat news
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.