Sanly ulgam-döwrebap ösüş
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalary onaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Çünki häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet hyzmatlarynyň sanly ulgama geçilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär
Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda hem bu barada bellenilip geçilýär. Bu konsepsiýa laýyklykda sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmak üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulandyr. Konsepsiýanyň birinji tapgyrynda sanly ykdysadyýeti durmuşa geçirmek üçin onuň maksatnamasyny işläp düzmek şeýle-de şol maksatnamany durmuşa geçirmek üçin ýörite topar döretmek, ikinji tapgyrynda sanly maglumat tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak, üçünji tapgyrynda bolsa sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyny dowam etdirmekden ybaratdyr.
Esasy bellemeli zat hem bu konsepsiýa laýyklykda “bir penjire” ulgamyna geçmekdir. E.gov.tm - bu ýurdumyzda ähli döwlet hyzmatlaryny özünde, bir penjirede jemleýän ýeketäk portaldyr. Bu portalda ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň häzirki zaman hyzmatlaryndan sanly ulgam arkaly peýdalanmak mümkin.
Bilim ulgamyna degişli bolan Nesil.edu.tm web sahypa hem öz aýratyn ornuny tapýar. Bu sahypada ýurdumyzda ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň bilim portallaryny özünde jemleýär. Şeýle sanly ulgam arkaly talyp ýaşlara bilim bermek biziň “Türkmennebit” Döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebimizde hem has-da ýörgünlidir. Orta hünär okuw mekdebimizde gurnalan içki Moodle portaly, elektron kitaphanasy ýaly sanly intellektual tehnologiýalary ýaşlara bilim bermekde aýratyn ähmiýeti bardyr.
Çünki şeýle sanly ulgamlardan peýdalanýan “Türkmennebit” Döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň her ýylda ýurdumyzda geçirilýän “Ýaş alymlaryň” bäsleşiginde şeýle-de, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän döwlet derejesindäki ders bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary aýratyn bellärliklidir.
Şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. ”Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen şygary özüne baş ýörelge edinen Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il- ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn.
Möwlam WELIÝEW,
“Türkmennebit” Döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.