Makalalar

NESILLERIŇ BUÝSANJY SIZ PYRAGY

https://ussatnews.com/storage/posts/5139/original-16405a9f1dd34f.jpeg

Gündogaryň görnükli şahyr – filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny, döredijiligini, edebiýatyny, pelsepesini öwrenmek hem-de dünýäde dabaralandyrmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy işleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Ine 2024 – nji ýylda belleniljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýurdumyzda hem-de dünýäde dabaraly ýagdaýda bellemek maksady bilen häzirki wagtdan başlap taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda ýurdymyzda döwlet derejesinde bu ýübileýe taýýarlyk işleri uly depginde geçirilýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda tassyklanmagy hem munuň aýdyň görkezijisidir.

Meýilnama laýyklykda köp sanly ýerli we halkara çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, bütin adamzadyň altyn genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, XVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan ýörite internet-portalyny döretmekligi diýseň buýsandyrýar.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmegi hem-de wagyz etmegi ýola goýmak maksat edinilýär. Şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň belleniljek ýyly bolan 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa Türkmen halkyny has-da buýsandyrdy. Bu bolsa Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanşyklydyr. Çünki şahyr hemişe umyt arzuwlaryny beýan edip, öz goşgy setirlerinde görkezipdir. Her bir ynsanyň kalbyndaky çuňňur islegini akyldar şahyrymyz özüne belläp goşgy setirlerine öwüripdir. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekillerinde-de ýaňlanýar. Çünki Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatyna däl, eýsem dünýä edebiýatyna hem goşant goşan ajaýyp söz ussadydyr. Ine şol sebäpli hem soňky ýyllarda beýik ynsanperwer şahyr Magtymgulynyň goşgular ýygyndylary dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, ukraýin, hytaý we beýleki dillerine terjime edilidi.

Birnäçe ýyl ozal paýtagtyň günorta künjeginde, Köpetdagyň dag eteginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini gurmak we bu ýerde çeper okaýyşlary, edebi agşamlary we köpçülikleýin medeni çäreleri guramak üçin ähli şertleri döretmek kararyna gelinmegi diýseň buýsandyrýar. 60 metr beýiklikdäki täze ýadygärlik ýurdumyzyň owadan ýerleriniň birine öwrüler. Ýeri gelende aýtsak Magtymguly atamyzyň ýadygärlikleri dünýäniň ençeme şäherlerinde hem bardyr.

Bize şeýle eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň elmydama belentde bolmagyny tüýs ýüregimden arzuw edýärin.

Mekan GAHRYMANOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.