Habarlar

Parahorlukda we korrupsiýada günäkär adamlar kanuna laýyklykda jogapkärçilik çekerler

https://ussatnews.com/storage/posts/53/original-15f828acbdc8ee.jpeg

9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň özüne ynanylan ulgama talabalaýyk ýolbaşçylyk etmegi oňarmandygyny belledi. Netijede, bu ulgamda köp sanly parahorluk ýagdaýlaryna ýol berlipdir diýip, milli Liderimiz belledi we wise-premýeri eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisinde ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşýandygyny belledi. Şoňa görä-de, eýeleýän wezipesine garamazdan, döwlet gullukçylarynyň kanuna garşy şeýle etmişleriniň örän berk öňüniň alynjakdygyny aýtdy.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz parahorlukda we korrupsiýada günäkär adamlaryň kanuna laýyklykda jogapkärçilik çekjekdigini hemmelere ýene-de bir gezek duýdurdy.

Ussat news

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.