Makalalar

Çeleken — hazynalar mesgeni

https://ussatnews.com/storage/posts/5423/original-1645b78ebc804c.jpeg

Ylmyň we öňdebaryjy tejribeleriň iň soňky gazananlaryny önümçilige içgin ornaşdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda hem öz mynasyp çözgüdini tapýar. Geçen ýylyň başynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň garamagyndaky Gündogar Çeleken meýdançasynda gazylan 707-nji belgili baha beriji guýudan bol nebit akymynyň alynmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Ol adaty guýulardan sütünleri ýapgytlaýyn ugrukdyrylan usulda gazylandygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi Çeleken ýarym adasynda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde gürrüňi edilýän usulda burawlanan ilkinji guýudyr. Sakasy gury ýerde ýerleşdirilip, Hazar deňziniň suw ýalpaklygyndaky böleginiň çäklerinde sütünleri ýapgytlaýyn ugrukdyrylyp gazylan bu guýudan häzir her gije-gündizde alynýan nebit çig malynyň möçberi 12 tonna barabardyr. Deňziň suw ýalpaklygyndaky böleginde buraw işlerini täzeden ýaýbaňlandyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlary bilen bilelikde işläp taýýarlan taslamasy esasynda başlanan bu iş soňra şu baýlyklar käninde burawlanan 712-nji belgili guýuda hem öz oňyn netijesini berdi. Umumy taslama çuňlugy 2 müň 650 metr bolan bu guýudan häzirki wagtda her gije-gündizde alynýan nebitiň möçberi 10 — 12 tonna ýetýär. Burawlaýşyň bu usuly diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen hem çäklenmän, ol tehniki taýdan howpsuzlygy, şonuň ýaly-da, ekologiýa babatda arassalygy bilen hem tapawutlanýar. Çünki buraw desgasynyň esasy sütüni deňziň kenaryndan 450 — 475 metre barabar daşlykda ýerleşdirilip, bellenilen çäkden soň deňziň suw ýalpaklygyna tarap ugrukdyrylýar. Taslama çuňlukdaky nebit alnyp gutarylandan soňra, ondan ýokarda galan gatlaklardaky çig maly almak mümkinçiligi burawlaýşyň dolanyşyga ornaşdyrylýan bu täzeçil usulynyň ýene bir aýratynlygydyr. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» taslamada göz öňünde tutulyp, şu müdirligiň iş alyp barýan meýdançalarynda gazylmaly iki guýynyň biri hem ýapgytlaýyn usulda burawlanylar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň öz garamagyndaky hereket edýän guýulardan alnan «gara altynynyň» möçberi 5 müň 164 tonnadan hem köp bolup, tabşyryk 108,6 göterime barabar berjaý edildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gazanylan ösüş depgininiň 106 göterime barabar bolandygyndan habar berýär. Gürrüňi edilýän aýda bu kärhana boýunça ugurdaş gazyň 55,4 million kub metrden hem gowragy çykarylyp, bellenilen meýilnama 277 göterimden geçirilip amal edilipdir.

— Arkadagly Serdarymyzyň nebitçilere berýän hemaýat-goldawlary bizi has netijeli işlemeklige ruhlandyrýar. Häzirki wagtda müdirligimiz boýunça önüm berýän guýularyň umumy sany 170-den geçip, olaryň her biri hemişe berk gözegçilikde saklanylýar. Çeleken ýarym adasynyň gury ýer böleginde hereket edýän guýularyň taslama çuňluklary 1200-den 2750 metr aralygyndadyr. Geologlaryň tassyklamalaryna görä, ýarym adanyň has çuň gatlaklarynda nebit çig malynyň gorlary az däl. Olaryň netijeli peýdalanylmagy ýarym adanyň täze ösüşlerine ynamly badalga bolup, onuň şöhratyny has-da artdyrar. Bize geljegi uly bolan hazynalar käninde halal zähmet çekmäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys — diýip, müdirligiň baş geology Döwran Baýramow gürrüň berýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.