Ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ekologiýany we daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan işleri täze ösüş tapgyrlaryna aýak basýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, işiň ekologiki taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, şol sanda daşary ýurt ýuridik şahslary, olaryň şahamçalary we telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar üçin hökmany ekologiýa ätiýaçlandyrmasy girizilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar. Şol sanda daşky gurşawa, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň esasy Konwensiýalaryny tassyklan döwletimiz bu ugurda abraýly halkara guramalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Ozaly bilen, her bir işiň, her bir döwletli başlangyjyň kanunçylyk binýadynyň berk bolmagy ýurdumyzda milli kanunçylyk binýadyny berkitmäge goşant bolan kanunlaryň hem birnäçesi kabul edilendir. Olardan «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary janly jandarlar bilen baglanyşykly ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga gönükdirilendir. «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bolsa daşky gurşaw bilen bagly ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga gönükdirilen Kanunlardyr. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi bolsa ýurdumyzyň çäklerinde tebigy tokaý zolaklaryny gorap saklamak, emeli tokaýlyklary döretmek, tokaýlardan peýdalanmak ýaly ugurlarda kanunçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
Türkmenistan Hazar deňziniň abadançylygynyň üpjün edilmegi, Araly halas etmek meseleleri boýunça hem yzygiderli teklipler bilen çykyş edýär. Bu teklipleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy we kabul edilmegi Türkmenistanyň ekologiýa babatda alyp barýan diplomatik işiniň üstünliklidigini görkezýär.
Muhammetmyrat HANGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.