Bilim, saglygy goraýyş we ylym hem-de sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýeryň wezipesine M.Geldinyýazow bellendi
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we ylym hem-de sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň wezipesine M.Geldinyýazowy belläp, ony Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşatdy.
Milli Liderimiz täze bellenen wise-premýer M.Geldinyýazowa ýüzlenip, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Häzirki döwürde garaşsyz döwletimizi senagat taýdan ösdürmäge, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmaga, elektron senagatyny we gymmatly kagyzlaryň bazarlaryny döretmäge girişildi. Bazar ykdysadyýeti we telekeçilik, hukuk ulgamy hem-de ylym ösdürilýär.
Bu işleri talabalaýyk amala aşyrmak bolsa, eýýäm häzirden şu ugurlardan gowy başy çykýan köp sanly hünärmenleri talap edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, durmuşdan yza galmazlyk üçin, halkara derejeli hukukçylardan başga-da, şu günki günde örän zerur bolan ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça täze okuw maksatnamalaryny taýýarlamaga uly üns berilmelidir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu maksatnamalar häzirki döwrüň nazary we amaly okuwlarynyň hem-de önümçilik tejribeleriniň usulyýetiniň onlaýn ulgamynda okatmagy ornaşdyrmak arkaly taýýarlanylmagyny öz içine almalydyr.
Şu maksat bilen, öňdebaryjy milli we halkara tejribeleri yzygiderli öwrenilmelidir hem-de özleşdirilmelidir. Bilim edaralarynyň, iş berijileriň
we zähmet bazarynyň özara hyzmatdaşlygyny gurap, bu işlere ylmy institutlarymyzy hem giňden çekmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz tabşyrdy.
Häzirki wagtda koronawirus bilen bagly emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmek dowam etdirilmelidir. Lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlary tejribä giňden ornaşdyrylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň iň häzirki zaman usullaryny öwrenmegi hem-de ulanmagy möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi. Şu maksat bilen, bu ugurda netijeli tejribe alyşmak üçin, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary berkitmek zerurdyr.
Milli Liderimiz sport ulgamynyň möhümdigini nygtap, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmegiň, umumymilli derejede dürli sport-sagaldyş çärelerini we halkara ýaryşlaryny geçirmegiň döwletimiziň içeri syýasatynyň strategik ugrudygyny belledi.
Wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümleriniň öňünde durýan wezipeler toplumyny kesgitläp, hormatly Prezidentimiz bu ugur boýunça ýerine ýetirilen işler hakynda ýakyn wagtda hasabat bermegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz A.Ataýewi bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň prorektory wezipesinden boşatdy.
Bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary wezipesine bolsa, A.Amanow bellenildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz M.Geldiýewany Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Ussat news
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.