Makalalar

Mahmal owazly bagşy Tawus Annamyradowa bilen söhbetdeşlik

https://ussatnews.com/storage/posts/5635/original-16497c6f7889d6.jpeg

Mähriban okyjylar, siziň üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary toparynyň mahmal owazly bagşysy, 1996-njy ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň, 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi Tawus ANNAMYRADOWA bilen söhbetdeşlik taýýarlamagy makul bildik.

— Tawus, okuwçy döwrüňdäki keşbiň göz öňüme gelýär. Gupbalyja, milli eşikli «Moskwada çykyş edip geldik» diýip, teleýaýlymda gürrüň bereniň ýadyma düşýär.

— Sekizinji synpda okaýarkam, Mäne oba medeniýet öýündäki «Altyn depe» halk folklor toparymyz bilen Moskwada çykyş edip geldik. Maňa ýaşlygymdan Stawropol türkmenleriniň arasynda, Fransiýada, Leningradda we başga-da birnäçe daşary ýurtlaryň sahnalarynda çykyş etmek miýesser etdi. Kakam Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmyrat Annamyradow obamyzdaky medeniýet öýüniň direktorydy. Kakamyň dogany Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Tirkiş Annamyradow Şükür bagşy adyndaky sazçylyk mekdebiň direktorydy. Dutar hünärinden başlangyç halypam kakam, ýöne mende dutar çalmaga höwes döremegine atam sebäp boldy. Atam çopandy, emma ol ezber sazanda bolmasa-da köplenç dutar saz guralyny ýanyndan aýyrmazdy. Ol maňa: «Gyzym, dutar çalmagy öwrengin!» diýerdi. Belki, meniň kiçilikden aýdyma hiňlenip ýörenim üçin şeýle maslahat berendir.

— Okyjylary gysgajyk terjimehalyň hem-de maşgala durmuşyň bilenem tanyşdyraýaly!

— Men 1974-nji ýylyň 19-njy aprelinde Ahal welaýatynyň Mäne obasynda doglan. Ilki obamyzdaky 18-nji orta mekdepde, soňra Şükür bagşy adyndaky sazçylyk mekdebinde dutar hünärinden bilim aldym. 1991 — 1996-njy ýyllar aralygynda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bagşyçylyk hünärinden ýokary bilim aldym. Biz iki dogan, bir oglan jigim bar. Maşgalamda bir gyzym bar. Ol Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby. Gyzymam aýdym aýdýar, ýöne ol esasy dil ugrundan höwesli bolansoň, daşary ýurt aýdymlaryny aýdýar.

— Tawus, indi söhbetdeşligimizi halypa-şägirtlik dogrusyndaky gürrüňler bilen dowam etsek.

— Ýokary okuw mekdebinde ussat halypalar Akmyrat Çaryýew, Oraznepes Döwletnazarow we başga-da birnäçe tanymal bagşy-sazandalardan tälim aldym. Özümi juda bagtly hasap edýärin. Ussat halypalaryň mekdebini geçdim. Olar bilen bile işleşmek miýesser etdi. Konserwatoriýany gutaramsoň, teleradioýaýlymyň şol wagtky Çary Täçmämmedow adyndaky halk saz gurallary toparyna işe aldylar. Ol ýerde Ata Ablyýew, Akmyrat Çaryýew, Mäne Garaýew we başga-da birnäçe ussatlar bilen işleşdik.

— Aýdym öwreneniňde sözlerini diňläp öwrenýärsiňmi ýa-da okap?

— Aýdymlary öwrenenimde, sözleriniň ýazgysyny okap öwrenýärin. Kiçiligimden halypalar aýdymyň sözlerini dürs öwrenmegi, her sözüň manysyny diňleýjä düşnükli ýetirmelidigimi berk talap etdiler. Zenan bagşylar Nabat Nurmuhammedowa, Sülgün Meretgeldiýewa, Nurjemal Adyýewa, Akjagül Myradowa ýaly halypalaryň her haýsynyň özboluşly ýoly bar. Olaryň ählisiniň miras galdyran aýdymlaryny irginsiz diňleýärin. Labzynyň süýjüligi, ýerine ýetirijilik ussatlygy öňümde uly kitap bolup dur.

— Diýseň şowuna düşen aýdyşyk aýdymlaryňyz kän. Şular hakynda-da gürrüňleriňiz gyzyklandyrýar.

— Akmyrat halypa maňa aýdyşyk aýdymlary aýdanymda: «Sesiň Parahat Şyhymowyň sesi bilen sazlaşykly gelýär» diýip maslahat berdi. Halk dessanlarymyzdaky aýdyşyk aýdymlaryň köpüsini kärdeşim, Türkmenistanyň halk artisti Parahat Şyhymow bilen ýerine ýetirdik. Dessanlaryň kyssalaryny Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow gürrüň bererdi. Ol ýazgylar radionyň arhiwinden, köplenç, diňleýjilere ýetirilýär. Häzirki wagtda-da Parahat bilen «Dutar-gyjak saz içinde», «Dilin owazym», «Sazymda beýan eýlänim» ýaly täze-täze aýdyşyk aýdymlary ýerine ýetirýäris. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen açylan «Türkmen owazy» teleýaýlymy tarapyndan birnäçe aýdyşyk aýdymlarymyz, ýekelikde ýerine ýetirýän aýdymlarym şekile geçirildi.

— Tawus, siziň teatr sahnasynda döreden keşpleriňizem bar. Sahna ussatlygy hakynda nämeler aýdyp berjek?

— Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda-da işledim. Ol ýerde sahnalaşdyrylan oýunlarda dürli häsiýetdäki keşpler döretmek miýesser etdi. Halypalar Türkmenistanyň halk artistleri Ata Alowow hemem Ogultäç Hannyýewa halypalyk edip sahna hereketlerini ýerine ýetirmegiň inçe syrlaryny öwretdiler. Teatr sahnasynda goýulýan oýunlaryň kämil bolmagy juda köp zähmeti talap edýär. Dürli sungatyň bir sahnada ýerbe-ýer sazlaşykly bolmagy agzybirlikli zähmetiň miwesi. Teatrda-da halypalardan öwrenenlerimi bagşyçylyk ýolumda uly mekdep hasaplaýan.

— Tawus, döredijilik toparyňyzyň häzirki wagtda alyp barýan işleri hakynda gürrüň berseňiz.

— «Türkmengaz» döwlet konserniniň halk saz gurallary toparynda birnäçe tanymal bagşy-sazandalar bilen işleşýäris. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň toýlary toýa ulaşýar. Her bir baýramçylyklary täze-täze aýdymlarymyz bilen sowgatly garşylamak asylly däbe öwrüldi. Öňde boljak uly-uly baýramçylyklara her birimiz özbaşdak konsert çykyşlarymyzy taýýarlaýarys. Kärdeşim Parahat Şyhymow bilen aýdyşyk aýdymlaryň hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna şahyryň şygyrlary esasynda aýdymlaryň üstünde işleýäris. Ähli amatlyklar bilen üpjün edilen döwrebap medeni ojakda zähmet çekmegimiz üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

— Söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň! Işiňizde, durmuşyňyzda üstünlik hemraňyz bolsun!

— Sizem sag boluň!

Akgül SAPAROWA,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.