Ýaş sazandalara ajaýyp sowgat
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň terbiýesine we düýpli bilim almagyna uly üns berilýär.
Şonuň bilen bilelikde, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» hem Türkmen döwlet neşirýat gullugy «Türkmen saz edebiýaty» atly taýýarlan kitaby täze okuw ýylyna niýetlenip 3130 nusgada bilen çapdan çykdy. Täze kitabyň awtorlary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Litwina we Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölüminiň mugallymy Meýlis Çaryýew uly işi ýerine ýetirdiler.
Kitabyň mazmunyna Türkmenistanyň sazynyň taryhyndan gymmatly maglumatlary girizilipdir, bu ýerde häzirki zaman milli kompozitorçylyk mekdebiniň emele gelişi we ösüş ýollary yzarlanylýar. Şeýle-de meşhur kompozitorlaryň ömri we döredijiligi we olaryň meşhur saz eserleriniň saz derňewi berilipdir. Bu babatda tanymal kompozitorlar Daňatar Öwezowyň «Leýli we Mejnun» operasy hem «Kamera-wokal döredijiligi»; Aşyr Kulyýewiň «Skripka we orkestr üçin konserti» hem «Fortepiano üçin sonatasy»; Welimuhammet Muhadowyň «Simfoniki orkestr üçin Türkmen sýuitasy» hem «Magtymgulynyň ýadygärligine» atly birinji simfoniýasy; Durdy Nuryýewiň «Fortepiano üçin «Çagalar albomy» hem «Nusaý» atly baleti; Nury Halmämmedowyň «Simfoniýasy», «Fortepiano eserleri» hem «Kamera-wokal döredijiligi»; Çary Nurymowyň «Fortepiano we orkestr üçin konserti» hem «Indira Gandiniň ýadygärligine» atly ikinji kwarteti»; Rejep Allaýarowyň «Skripka we orkestr üçin konsert-poemasy»; Amandurdy Agajykowyň «Wiolonçel we orkestr üçin konserti» hem «Dabaraly simfonik eseri» ýaly temalary ýerleşdirilipdir. Başga-da, aýry bap hökmünde «Türkmenistanyň kompozitorlarynyň döredijiligi Garaşsyzlyk ýyllarynda» atly bapda häzirki zaman professional sazynyň ösüş ýollary barada giň maglumatlary berilipdir.
Kitabyň owadan bezegleri, taryhy fotosuratlary we nota mysallary ýaş okyjylarda aýratyn gyzyklanma döreder. Şeýle-de, Türkmenistanyň taryhynda ýaş sazanda niýetlenip, türkmen dilinde ýazylyp, çap edilen bu ilkinji kitaby Türkmenistanyň häzirki zaman saz sungaty bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligine gyzykly bolar diýip ynam bildirýäris.
Mähri SUWHANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kirişli saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.