Türki döwletleriň ýaş ýazyjy-şahyrlary onlaýn okuwynyň birinji tapgyryny tamamladylar
Türki döwletleriň ýaş ýazyjy-şahyrlary Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi we TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan gurnalan türkçe onlaýn okuwyň birinji tapgyryny tamamladylar.
Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy, ýazyjy Ýakup Ömerogly TÜRKSOÝ guramasynyň wekilleri bilen bilelikde türki döwletletleriň 18 – 35 ýaş aralygyndaky ýaş ýazyjy-şahyrlary üçin türkçe onlaýn okuwyny gurady. Şu ýylyň 4-nji fewralynda başlanan türkçe onlaýn okuwyna zoom programmasynyň üsti bilen Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistan, Başkurtystan, Tatarystandan we uýgur halkyndan bolan ýaş ýazyjy-şahyrlar gatnaşdylar. Olar bäş aý mundan ozal wirtual synpda tanyşdylar we ýazyjy hem mugallym Adem Güleriň ders bermeginde türk edebi dilini öwrenmäge başladylar.
8-nji iýulda bolsa Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi we TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan türki döwletleriň ýaş ýazyjy-şahyrlary üçin ýörite gurnalan türkçe onlaýn okuwynyň birinji tapgyrynyň ýapylyş dabarasy boldy. Zoom programmasy arkaly geçirilen ýapylyş dabarasy Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň YouTube kanalynda hem göni ýaýlymda berildi.
Türkçe onlaýn okuwynyň birinji tapgyrynyň ýapylyş dabarasyna Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy, ýazyjy Ýakup Ömerogly, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň ýazyjysy hem mugallymy Adem Güler, TÜRKSOÝ guramasynyň wekili Osman Jewiksoý, ýazyjy Serdar Ajar we türki döwletleriň ýaş ýazyjy-şahyrlary gatnaşdylar. Bu dabarada Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy, ýazyjy Ýakup Ömerogly TÜRKSOÝ guramasy bilen bilelikde türkçe onlaýn okuwynyň ýakyn wagtda ikinji tapgyryna hem başlamagy meýilleşdirýändigini we indiki onlaýn okuwda türki döwletleriň ýaş ýazyjy-şahyrlaryna ýokary akademiki derejede türk diliniň öwrediljekdigini dile getirdi.
Onlaýn usulda geçirilen dabaranyň ahyrynda Türkçe onlaýn okuwynyň birinji tapgyryny tamamlan türki döwletleriň ýaş ýazyjy-şahyrlaryna kagyz we elektron görnüşde Sertifikatlar gowşuryljakdygy aýdyldy.
Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türki döwletleriň ýaş ýazyjy-şahyrlary üçin gurnalan onlaýn okuwynyň diňleýjisi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.