Habarlar

ABŞ-nyň Energetika ministrligi Brent nebitiniň bahasynyň 2021-2022-nji ýyllar üçin barreline $53 boljakdygyny çaklaýar

https://ussatnews.com/storage/posts/580/original-16007c7c57dd99.jpeg

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2021-nji ýyl üçin Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreline 49 dollardan 53 dollara çenli ýokarlandyrdy diýip, ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika maglumatlary edarasynyň (EIA) aýlyk hasabatyna salgylanyp, INTERFAKS habar berýär.

2022-nji ýylda Brent-iň bahasynyň şol bir derejede, ýagny barreline 53 dollar bolmagyna garaşylýar. EIA-nyň hasaplamalaryna görä, 2020-nji ýylda Brent-iň ortaça bahasy barreline 42 dollar boldy.

“Saud Arabystany tarapyndan nebit önümçiliginiň birtaraplaýyn azaldylmagy dünýäniň nebit bazaryndaky deňagramlylygyň 2021-nji ýylyň başynda EIA-nyň garaşýanyndan has kynlaşjakdygyny aňladýar. EIA 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde global nebit gorlarynyň bir günde 2,3 mln barrel azaljakdygyny çaklaýar we bu Brent söwda belgili nebitiň bahasyny bir barrele ortaça 56 dollara çenli ýokarlandyrmaga kömek eder diýip garaşýar” – diýlip, hasabatda aýdylýar.

EIA 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde, dünýädäki nebit önümçiliginiň ýokarlanmagyna we ätiýaçlyklaryň haýal depgin bilen azalmagyna garaşylanda, nebitiň bahasyna basyşyň ortaça peselmegine garaşýar.

Brent söwda belgili nebitiň bahasy 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda barreline ortaça 51 dollar bolar diýlip çaklanylýar. 2022-nji ýylda 2021-nji ýylyň ikinji ýarymy bilen deňeşdirilende dünýädäki nebit gorlarynyň azalmagynyň tizlenmegi netijesinde ýene-de ýokary bahalar peýda bolar.

“Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi we ýakyn aýlarda dowam edýän COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly köp näbelli faktorlar nebitiň bahasyny EIA-nyň häzirki baha çaklamasyndan ýokarlandyryp ýa-da peseldip biler. Bu baha traýektoriýasy dünýäde nebitiň sarp edilişiniň 2020-nji ýyldakydan 6% ýokarlanandygyny görkezýär, şeýlelikde, 2021-nji ýylda bir günde ortaça 97,8 million barrele ýeter we 2022-nji ýylda ýene 3% ýokarlanar. Ýöne bu hadysa ilatyň sanjym derejesine baglydyr. OPEK+ önümçiliginiň soňky maksatlaýyn azaldylmagynyň dowamlylygy we berjaý edilişi näbelli bolmagynda galýar” – diýip, EIA ýazýar.

EIA WTI nebitiniň bahasynyň 2021-nji ýylda Brent-iň bahasyndan, barreline ortaça 3 dollar, 2022-nji ýylda Brent-iň bahasyndan barreline 4 dollar arzan boljakdygyny çaklaýar.

Ussat news

Başga habarlar
16ae9b3c005644.jpeg
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar

Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.


16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.

16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.


16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.