Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri: koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga ymtylýarlar
Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Sun Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşygynda öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz we nebithimiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasy habar berdi.
Duşuşygyň başynda D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Koreýanyň Premýer-ministri öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz we nebithimiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.
Şol bir wagtyň özünde, ýurtlarymyzyň arasynda döredilen işjeň parlamentara hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigi nygtaldy.
Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşmeleriň işine gatnaşdy.
Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we berkitmekde parlamentara gepleşikleriň aýratyn orny bellendi. Bu nukdaýnazardan söwda we ykdysadyýet pydagy, nebit-gaz, nebithimiýa we ulag, medeni we ynsanperwer ulgamlary, şol sanda, lukmançylyk, bilim, esasan hem, Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde senagat taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
DIM-niň habar berşi ýaly, 17-19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň maksady Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat.
Saparyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Phýo bilen dar düzümde duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gepleşikleriň ösüşindäki oňyn netijeleri bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär
Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar
14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär
10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.