Watanymyzyň röwşen geljegi hem-de täze belent sepgitleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen üznüksiz bagly

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: Mähriban halkymyzyň goldamagy bilen biz türkmen topragynyň gülläp ösmegini, raýatlarymyzyň ruhy taýdan galkynmagyny üpjün ederis, geljekki üstünliklerimiziň esasyny goýarys hem-de ösüşiň täze belentliklerine ýeteris.
Türkmenistan şanly senäniň – “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda bellenilýän garaşsyzlygyň 32 ýyllygynyň bosagasynda
Hut Arkadagly Serdar bilen ýurdumyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy.
Ähli halk tarapyndan saýlanylan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan içeri we daşary syýasatyny üstünlikli dowam etdi. Ata Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýolunda gazanan üstünlikleri bolsa hut milli Liderimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Bu gün milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýobaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda kesgitlenen uly wezipeleri çözýärler.
Täze taryhy döwürde eýýäm uzakmöhletleýin geljek üçin niýetlenen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy”, şeýle hem beýleki maksatnamalaýyn resminamalar kabul edildi. Şeýlelikde, garaşsyz Diýarymyz ösüşiň belent sepgitlerine tarap ynamly gadam urmagyny dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow her bir türkmenistanla aýdyň düşnükli we ýakyn bolan, döwletiň, şeýle hem her bir şahsyýetiň bähbidine kybap gelýän maksatlary we meýilnamalary takyk kesgitledi. Netijede ýurdumyz iri halkara we milli taslamalary amala aşyrmagyň, täze senagat, energetika, ulag-kommunikasiýa düzümini döretmegiň, senagat we durmuş maksatly möhüm desgalary, döwrebap şäherleri we obalary gurmagyň ýoly bilen üstünlikli öňe barýar.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň energetika maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny görkezmek bolar, esasy pudagy – milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň täze ulgamlaryny döretmek onuň esasy ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň innowasion syýasatyna laýyklykda nebitgaz pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, dünýäde we sebitde durnukly ykdysady ösüşiň maksatlary bilen berk baglydyr.
Milli, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalary durmuşa geçirmek, tebigy, önümçilik we zähmet serişdelerini rejeli peýdalanmak, innowasion we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglylykda bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçilmegi netijesinde ýurdumyzda ykdysady dolandyryşyň netijeli we deňagramly ulgamy döredildi.
Döwleti ösdürmegiň häzirki tapgyrynda iri, orta we kiçi tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginlerde amala aşyrylýar, ol ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine ýardam edýär. Esasy pudaklaryň we durmuş düzümleriniň batly depginlerde ösmegi bilen bir hatarda has möhüm gazanylanlar durmuş ulgamynda jemlenýär. Olar türkmen halkynyň durmuş derejesiniň hil taýdan ýokarlanmagynda, onuň abadançylygynyň artmagynda, ruhy we döredijilik taýdan işjeňleşmeginde öz beýanyny tapýar.
Öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyny ugur edinýän ýurdumyzy ösdürmegiň täze ugurlarynyň başyny başlamak bilen döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow dürli ösgertmeleri, ozaly bilen halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksadyna eýerýän özgertmeleri geçirýär.
Hormatly Prezidentimiz sebitler boýunça iş saplaryny amala aşyranda ýerlerde işleriň ýagdaýy, durmuş we önümçilik maksatly taslamalaryň amala aşyrylmagy, adamlaryň gündelik aladalary bilen ýakyndan gyzyklanýar.
Arkadagly Serdarymyzyň yglan eden “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesi täze taryhy eýýamda döwlet syýasatynyň esasy kadalarynyň üýtgewsizdigini, garaşsyzlygyň we bitaraplygyň esaslaryny has-da pugtalandyrmaga, Türkmen döwletiniň esasy gymmatlygy bolan adamyň bagtly we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini görkezýär.
Ýeri gelende ýatlasak, diňe soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda iri önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalar ulanmaga berildi, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berildi. Şu ýylyň 29-njy iýunynda binagärlik aýratynlyklary bilen uly täsir döreden Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Döwlet ähmiýetli “akylly şäheriň” ikinji tapgyrynyň, sebitlerde bolsa, täze obalaryň, şäherçeleriň, kiçi, orta we iri senagat önümçilikleriniň, söwda merkezleriniň, döwrebap ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär.
Türkmen halkynyň baý milli medeni mirasyny düýpli öwrenmek, goramak we dünýä ýaýmak boýunça işler hem dowam edýär. Täze desgalary UNESKO-nyň adamzadyň maddy däl mirasynyň Sanawyna goşmak, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, maksada okgunly, giň gözýetimli, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary ýetişdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar, bu garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmeginiň we rowaçlanmagynyň girewi bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen şu ýylyň iýunynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň tassyklanmagy jemgyýetde ýaşlaryň ornuny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň biri boldy.
Ösen, bitaraplygyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ygrarly döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmak, bu syýasatyň oňyn tejribesini aýawly saklamak we baýlaşdyrmak, her bir türkmenistanlynyň durmuşynda öz beýanyny tapan uly üstünlikleri we zähmet ýeňişlerini ýaýmak boýunça yzygiderli alnyp barylýan maksada okgunly we giň gerimli işler ady ata Watanymyzyň röwşen geljegi hem-de täze belent sepgitleri bilen üznüksiz bagly bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bolan beýik ynamyň we goldawyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Leýli Aşyrowa,
Ussatnews.com.

Türkmenistanda «ÝAŞYL ENERGIÝA — ÝAGTY GELJEK» bäsleşigi yglan edilýär
2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni, "Nebit-gaz" gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) GmbH we “Ussatnews” elektron gazetiniň redaksiýasy bilelikde “ýaşyl energiýa”, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energotygşytlylyk we Türkmenistanda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan işlerine bagyşlanan iň gowy makalalaryň bäsleşigini yglan edýär.

Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.

Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.