Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Russiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň soňky döwürde hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan oňyn döwletara dialogyň pugtalandyrylamagyna gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berilýär.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putina mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky öňden gelýän dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär
Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar
14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär
10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.