Habarlar

HHR-iň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti bilen strategiki başlangyçlary ilerletmäge we energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýar

https://ussatnews.com/storage/posts/6060/original-1650dff771a0ed.jpeg

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigini we “Bir guşak, bir ýol” atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belledi.

«Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Şu ýylyň ýanwarynda Siz Hytaýa üstünlikli sapary amala aşyrdyňyz. Maý aýynda Siz “Hytaý — Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşmak üçin ýene bir gezek Hytaýa geldiňiz. Saparyň barşynda biz Siziň bilen dostlukly, netijeli pikir alyşmalary geçirdik hem-de esasy ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyklary gazandyk. Munuň özi hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy» diýlip Gutlagda aýdylýar.

«Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we “Bir guşak, bir ýol” atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, Siziň bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardyryn» diýip Si Szinpin belleýär.

Başga habarlar
16ad1fcf5eaae6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.


16ad1ccf926c5d.jpeg
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär

Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.


16ad19ea015f2b.jpeg
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

16acf4529bfc40.jpeg
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär

10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.


16acf46ff783c1.jpeg
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.