Habarlar

Ýaşulylaryň halkara gününe we Halkara saz gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/6099/original-1651917704fff0.jpeg

1973-nji ýylda ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Halkara saz geňeşiniň teklibi bilen Halkara saz güni döredildi, onuň esasy maksady professional saz sungatyny ýaýratmak, halkaryň arasynda parahatçylyk we dostlyk gatnaşyklaryny durmuşa geçirmek, medeniýetleri ösdürmek, tejribe alyşmak we biri-biriniň ahlak gymmatlyklaryna hormat goýmakdyr. 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň kararnamasy bilen Ýaşulylaryň halkara güni yglan edildi. Bu iki baýramçylyk biri-biri bilen sazlaşýar.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ýaş neslimiziň hünär derejesini ösdürmekde, şeýle hem ahlak terbiýesini bermekde ýaşuly halypalaryň ähmiýeti ulydyr.

Bu iki baýramçylyga bagyşlap Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda baýramçylyk konserti geçirildi. Konserti kamera ansambly we konsertmeýsterlik ussatlygy kafedrasynyň uly mugallymy, Halkara bäsleşikleriniň Laureaty we Diplomanty Stella Wladimirowna Faramazowa tarapyndan guramaçylyk işleri ýerine ýetirildi.

Baýramçylyk konsertine konserwatoriýanyň zehinli talyp ýaşlary we ussat mugallymlary gatnaşdylar, olaryň ýerine ýetirmeklerinde nusgawy professional sazynyň dürli žanrlarynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň sazlary ýerine ýetirildi.

Konserti Türkmenistanyň sungatda at gazanan medeniýet işgäri Osman Güjimowyň dutar milli saz guralynda ýerine ýetirmeginde «Hajygolak» türkmen halk sazy bilen açdy.

Ýaş zehinli sazandalaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy, Halkara bäsleşikleriniň laureaty Aýnur Otuzowanyň ýerine ýetirmeginde F. Listiň «Konsert etýudy № 3» we konserwatoriýanyň 3-nji ýyl talyby Erjel Ýagşymyradowyň ýerine ýetirmeginde S. Prokofýewyň «Tokkata» atly eserleri fortepiano saz guralynda ýekelikde juda ussatlyk bilen çykyş etdiler.

Konserwatoriýanyň 1-nji ýyl talyby Sapargül Mürzäýewa P.Çaýkowskiniň «Вальс-скерцо» we 2-nji ýyl talyby Seýran Atanýazow W. Mosartyň «Skripka we orkestr üçin konsertini» ýerine ýetirdiler, olara fortepiano saz guralynda Stella Faramazowa sazandarlyk etdi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow fortepiano saz guralynda S. Rahmaninowyň «Etýud – suratlar» atly eserini juda ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

«Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Bahar Durdyýewa L. Ardittiniň «Öpmek» we N. Halmämmedowyň «Geler» atly wokal eserlerini ýerine ýetirdi, oňa fortepiano saz guralynda Wladimir Mkrtumow sazandarlyk etdi.

«Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýewiň aýtmagynda M. Glinkanyň «Aýt näme üçin» we N. Halmämmedowyň «Gyz», şeýle-de Maýa Gullaýewanyň aýtmagynda A. Werstowskiniň «Goja ýan ýoldaşy» we W. Wlasowyň «Bahçisaraý köşgüniň suw çüwdürimleri” atly wokal eserleri ýerine ýetirildi, olara fortepiano saz guralynda Stella Faramazowa sazandarlyk etdi.

Dabaraly konsertiň soňunda konserte gatnaşan ähli sazandalaryň ýerine ýetirmeklerinde Ç. Nurymowyň «Toý aýdymy» ýerine ýetirildi.

Diňleýjiler artistleri joşgunly el çarpyşmalary bilen golladylar we sazandalara ýürekden minnetdarlyk duýgularyny beýan etdiler. Şonuň bilen konserwatoriýanyň professional sazandalarynyň ýatdan çykmajak ýokary derejede ýerine ýetiren çykyşlaryny bellediler we ähli konserte gatnaşyjylara döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Jemal AGAJANOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Orkestr saz gurallary» fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16aedcf617fb59.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.