Habarlar

HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

https://ussatnews.com/storage/posts/6119/original-1651fe9d5459ba.jpeg

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.

Foruma milli we halkara energetika uniwersitetleriň, energetika uniwersitetleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri ýygnandylar. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri girdi.

Maslahatyň barşynda bilim bermekligiň uglerod-bitarap ulgamlary we ylmyň hem tehnologiýanyň geljegi boýunça tematiki mejlisler geçirildi, şeýle hem uglerod-bitarap ulgamlary ösdürmek boýunça hünärmenler çykyş etdiler. Mejlisleriň çäklerinde uglerod bitaraplaryny gazanmak we «ýaşyl» energetika geçmek boýunça gazanylanlar bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. Forumyň barşynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow «Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar» temasy boýunça çykyş etdi.

Halkara forumyň geçirilmegi uglerod bitaraplygyny üpjün etmek we adamzadyň durnukly ösüşi üçin ählumumy energetikada ylym, bilim we tehnologiýalar ulgamynda ýaş zehinleriň arasynda pikir alyşmalary ösdürmäge, bilimleri artdyrmaga ýardam etdi.

Pekinde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Hytaýyň nebit uniwersiteti Ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Hytaýyň nebit uniwersiteti (China University of Petroleum) HHR-iň Bilim ministrliginiň garamagynda bolan iri milli uniwersitetdir. Ol ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamaklyga gönükdirilen «Taslama 211» atly milli uniwersitetleriň we kollejleriň taslamasyna gatnaşýar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar, dünýäniň ylym we bilim giňişligine işjeň gatnaşýar, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri we iri pudaklaýyn kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Hytaý bilen hyzmatdaşlyk Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda şeýle hem Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy bilen baglaşylan Ähtnamanyň esasynda alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ylmy we bilim häsiýetli dürli çäreler geçirilýär.

Başga habarlar
16affe81268764.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY.


16afee64177f1e.webp
Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň ykdysady ösüş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy

18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.


16afe95e52b934.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy.

16afc1cc99e9e7.jpeg
Yslamabatda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi

16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.


16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.