Habarlar

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» halkara sergisi we maslahaty başlanýar

https://ussatnews.com/storage/posts/6214/original-1653910c173880.jpeg

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) atly XXVIII Halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.

Iri çäräniň guramaçylary bolup, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Günüň birinji ýarymynda OGT Expo halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Gutlagda: «Her ýyl guralýan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly pudaklaýyn sergi hem-de maslahat ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berýär. Bu forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri üçin öz mümkinçiliklerini görkezmekde hem-de hyzmatdaşlary tapmakda oňat şertleri döretjekdigine ynanýaryn» diýlip bellenilýär.

Sergä dünýäniň 30 ýurdundan 50-ä golaý kompaniýa gatnaşýar. Umuman sergide 200 töweregi diwarlyklar hödürlenildi. Garaşylyşy ýaly, serginiň dowamynda oňa 10 müňden gowrak adam baryp görer.

Sergide ýerli we dünýäniň nebitgaz pudagynyň gazananlary hödürlenildi.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlaryny «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy diwarlyklarynda hödürledi.

Sergide şu ýyl hödürlenilen täze elementler milli we halkara nebit kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.

Serginiň maksady energetika toplumyny mundan beýläk hem durnukly ösdürmek boýunça sebit gepleşiklerini berkitmek, dünýäniň energetika ulgamynyň soňky ýörelgelerine syn bermek we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.

Halkara sergi üç günläp — 28-nji oktýabra çenli dowam eder (28-i girýär).

Günüň ikinji ýarymynda “Türkmenistanyň nebit we gazy - 2023” atly halkara maslahaty geçiriler.

Başga habarlar
16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.


16adf6771e1c13.jpeg
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.

16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.


16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.