OGT — 2023 Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy
25 — 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň energetika pudagy üçin möhüm çäreleriň biri — «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT — 2023) atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu gezekki maslahata dünýäniň 49 ýurdundan wekilleriň 700-den gowragy gatnaşdy. OGT — 2023 halkara sergisinde öz diwarlyklaryny kompaniýalaryň 70-den gowragy ýerleşdirdiler. Serginiň işlän üç gününiň dowamynda oňa 10 müňe golaý adam gatnaşdy.
Daşary ýurtlaryň wekillerini foruma gatnaşmaga uglewodorod serişdeleriniň dünýäde baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwaty hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän, dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýan döwletiň açyk energetika syýasaty özüne çekýär.
Bu giň gerimli forumy «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de «Türkmen Forum» HJ geçirdiler. Onuň çäklerinde oňa gatnaşanlar dünýäniň energoulgamynyň geljegi we sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň OGT — 2023-e gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, uglewodorodlaryň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şeýle-de beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we bu babatda netijeli işleri amala aşyrýar.
Sergide ýurdumyzyň diwarlyklaryndan başga-da, «Dragon Oil», «CNPC», «Petronas», «PEL», «Honhua», «Rosen Group», «Sumitomo», «Yug-Neftegaz», «Tatneft», «ENI», «Rönesans», «Schlumberger», «Transneft», «Interpaýp», «KAMAZ» ýaly meşhur kompaniýalaryň diwarlyklary bilen giňden tanyşdyryldy. Olar ýurdumyzyň we dünýäniň nebitgaz pudagynyň iň gowy gazananlaryny görkezdiler. Giň gerimli sergi milli we halkara kompaniýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etdi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan täze maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyryldy. Olar ägirt uly «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamagyň, TOPH gaz geçirijisini gurmagyň, gury ýerde nebiti we gazy çykarmagy amatlaşdyrmagyň, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirmegiň geljekki tapgyrlaryny öz içine alýar.
Uglewodorod serişdelerini gazyp almakda we metanyň taşlandylaryny azaltmakda ekologiýa meselelerine aýratyn üns berildi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahatynyň mejlisleriniň dowamynda Azerbaýjandan, Gazagystandan, Türkiýeden, ABŞ-dan, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Malaýziýadan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Kiprden, Ispaniýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Singapurdan, döwlet we halkara guramalarynyň, milli we hususy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, bilermenler baý tebigy serişdelerini netijeli ulanmak, energetika bazarlaryny we maýa goýum işini ösdürmek, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew öz çykyşynda daşary ýurt kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda ornuny berkitmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan maýa goýum syýasatynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi.
«SOCAR» kompaniýasynyň prezidenti Rowşan Najaf dünýä energetikasynyň geljegi babatda öz garaýşy we pikirleri bilen paýlaşdy.
BMG-niň ÝYT-niň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahatynyň plenar mejlisinde belleýşi ýaly, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Topary (BMG ÝYT) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň 2023 — 2024-nji ýyllar üçin Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda «Ýol kartasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda kararyny goldaýar.
Dario Liguti Türkmenistany 2024-nji ýylyň 18 — 20-nji martynda Ženewada geçiriljek metanyň galyndylary bilen göreşmekde üstünlikleri wagyz etmäge gönükdirilen global foruma gatnaşmaga çagyrdy. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýada metanyň howa zyňylýan galyndylaryny azaltmak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stoluň başynda maslahat etmek meýilleşdirilýär.
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň («CNPC») prezidenti Hou Siszýun forumda çykyş edip, türkmen hyzmatdaşlaryny gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge hem-de energetika pudagynda ösüşiň täze çäklerini döretmäge çagyrdy. «CNPC»-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, «Biziň ýurtlarymyz hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerine eýe bolup, onuň çuňňur strategik ähmiýeti bar».
Hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, Hou Siszýun türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde iki döwletiň baştutanlary tarapyndan ozal gazanylan möhüm ylalaşyklary amala aşyrmaga taýýardygyny beýan etdi. Olar tebigy gazy gözlemek we gazyp almak, söwda etmek, inžener gurluşygy, tehniki hyzmatlar, enjamlary we serişdeleri getirmek, «ýaşyl» pes uglerodly ösüş, işgärlere bilim bermek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Myhmanyň aýdyşy ýaly, 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndaky ýagdaýyna görä, Hytaýyň we Türkmenistanyň arasynda tebigy gazyň söwdasy ABŞ-nyň 76 mlrd dollaryna deň bolup, 380 mlrd kub metrden gowrak gaz satyn alyndy.
Hou Siszýunyň nygtaýşy ýaly, «CNPC» Türkmenistanda ýerli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýär. 16 ýylyň dowamynda türkmen işgärleriniň 56 müňüsine bilim berildi, şeýle hem raýatlaryň 139-sy HHR-niň ýokary okuw jaýlarynda bilim almagy üçin seçilip alyndy.
Türkmenistan ägirt uly gaz gorlaryna eýe bolmak bilen, ýakyn on ýylyň içinde dünýä bazaryna energiýa serişdelerini iberýän esasy döwletleriň birine öwrülmek üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolup durýar diýip, energetika pudagynyň esasy bilermenleri bellediler.
«Baker Hughes» kompaniýasynyň Hazar sebiti boýunça wise-prezidenti Ýelena Akolsewa forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, türkmen gazynyň gorlaryna geljek on ýylda isleg has-da artar. Onuň pikirine görä, bu ýagdaý birnäçe faktorlar bilen şertlendirilendir. Olaryň hatarynda energiýa serişdelerini ýylsaýyn köp sarp edýän dünýä ilatynyň artmagy, şeýle hem köp ýurtlaryň ekologiýa gazynyň peýdasyna kömrüň sarp edilişini azaltmaga çalyşmagy bar.
Türkmen gazyna artýan islegi kanagatlandyrmak üçin biziň ýurdumyz gaz çykaryjy we geçiriji düzümi işjeň döwrebaplaşdyrýar. Täze eksport gaz geçirijileri gurmak boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar, bu bolsa, Hytaýa, Hindistana we beýleki ýurtlara gazyň iberilişini artdyrmaga mümkinçilik berer.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýewiň OGT — 2023 halkara maslahatynyň jemleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda habar berşi ýaly, 2023-nji ýylda türkmen gazynyň Russiýa iberiljek möçberi, takmynan, 5 mlrd kub metre deň bolar, bu «Gazprom» bilen ozal baglaşylan şertnamada göz öňünde tutuldy.
Daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylarda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ileri tutulýan taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisini (TOPH) gurmagyň, Hazarüsti gaz geçirijisiniň, ägirt uly «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamagyň taslamalary uly gyzyklanma döretdi.
«TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanowyň çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan TOPH ýurtlaryna tebigy gazyň ygtybarly berilmegini üpjün etmegi möhüm hasaplaýar. Çünki bu ykdysady ösüş, arassa tebigy gaza geçmegiň hasabyna howanyň hapalanmagyny azaltmak, şeýle hem energetika ýetmezçiligi meselesini ýumşatmak arkaly parahatçylyga we durnuklylyga ýardam eder.
Aşgabat TOPH taslamasyny tiz wagtda durmuşa geçirmäge ymtylýar. Bellenilişi ýaly, «Türkmengaz» TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegini doly gurdy, häzirki wagtda ol ulanmaga doly taýýar edildi.
— TOPH taslamasy СО2 galyndylaryny azaltmaga, Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmäge hem-de TOPH ýurtlarynda ekologiýa durnuklylygyny has-da artdyrmaga ýardam eder — diýip, «TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysy ynam bildirdi.
Üç gün dowam eden forumyň barşynda oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa OGT — 2023-iň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Forum türkmen ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça döwlet Baştutanynyň goldaw bermegi bilen ýurtda geçirilýän köpugurly işiň üstünliklere beslenmeginiň subutnamasy bolup durýar.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň geljekki hyzmatdaşlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi, olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, täze maýa goýum taslamalary, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary döwletleriň nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak mümkinçilikleri, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň çäklerinde geçirilen işewür duşuşyklar geljekki hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň ýangyç-energetika we nebitgazhimiýa toplumlarynda täze maýa goýum taslamalary barada maglumatlylyk derejesini artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Forumyň netijelerini jemlemek bilen, onuň ähmiýetiniň örän uludygyny, foruma gatnaşanlaryň düzüminiň bolsa, daşary ýurtly işewür toparlaryň uglewodorod gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. OGT — 2023 nebitgaz ulgamynda täze işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga we giňeltmäge gürrüňsiz ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda, şeýle hem daşary döwletlerde geçirilýän halkara nebitgaz maslahatlarynyň we forumlarynyň Türkmenistanyň dünýä energetika giňişligine işjeň aralaşmagy üçin uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellemek gerek.
Halkara forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda Türkmen döwletiniň Baştutanyna dünýä bileleşigini Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň gazananlary we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmagy ugur edinen halkara pudaklaýyn çäräniň ýokary derejede geçirilmegine şertleriň döredilmegi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi
21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.