Habarlar

HNGU-nyň Wodorod energetikasy merkezinde suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjy alyndy

https://ussatnews.com/storage/posts/6254/original-16540ead4967c0.jpeg

Türkmenistanyň alymlary ilkinji bolup suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny aldylar. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wodorod energetikasy merkeziniň direktory Hakberdi Hoşdurdyýew 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Hakberdi Hoşdurdyýewiň çykyşynda belleýşi ýaly, wodorod energetikasy merkeziniň barlaghanasynda suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, tejribe desgasyny ulanmak boýunça usuly gollanma taýýarlanylýar.

Otag temperaturasynda we kadaly atmosfera basyşynda geçirilen barlaglaryň netijeleri boýunça elektroliziň reaksiýasy oňyn netije berdi — diýip, wodorod energetikasy merkeziniň direktory belledi.

Belläp geçmeli zatlaryň biri hem, maslahatyň barşynda energiýanyň ekologiýa taýdan arassa görnüşiniň çeşmesi hökmünde wodorod ýangyjyna aýratyn üns berildi. Bilermenleriň bellemegine görä, häzirki wagtda howanyň üýtgemegi meselesini çözmekde geljegiň ýangyjy bolan wodorod wagyz edilýär. Senagat önümçiliginde bug gazlaryny emele getirmezden ýylylyk bilen üpjün edip bilýär, çünki wodorodyň ýylylyk bölüjiligi ýangyjyň beýleki görnüşlerinden 3 esse ýokarydyr. Mundan başga-da, energiýa toplaýjy hökmünde ulanyp bolýar.

Şeýle hem energetika tehnologiýalarynyň infrastrukturasyndaky innowasiýalar mynasybetli wodorod barha täze bazarlary özleşdirip başlady. Munuň üçin energetika toplumynda bar bolan meseleleri çözmäge ukyply hünärmenler zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň mejlislerinde ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak, şol sanda nebitgaz pudagyny ösdürmekde ylmy-barlaglaryň we tejribe gurnaýyş işleriniň geçirilmegiň zerurlygy bellenildi.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.