Habarlar

Dragon Oil 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul dereje ýakylyşyna geçer

https://ussatnews.com/storage/posts/6257/original-1654232f6db564.jpeg

Dragon Oil kompaniýasy 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul derejede ýakylyşyna geçmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Ali Raşid Al-Jarwan habar berdi. Ol şeýle hem bu çäräniň uglewodorodlaryň çykarylyşyny ekologiýa taýdan howpsuz etjekdigini nygtady.

«Häzirki wagtda biz çykarýan gazymyzyň 70 göterimini ulanýarys, emma üç ýyldan biz 100 göterim derejä çykmagy meýilleşdirýäris. Bu bolsa Türkmenistanda uglewodorod çykaryşymyzy ekologiýa taýdan arassa eder» diýip, Ali Raşid Al Jarwan 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Dragon Oil emirlikler kompaniýasy ýakynda Türkmennebit bilen hyzmatdaşlykda käniň 3D gözden geçirilişini tamamlady. Bu çäre galyndylaryň çäklerini has anyk kesgitlemäge we buraw nokatlaryny oturtmaga ýardam edýär diýip, kompaniýanyň baş direktory nygtady.

Başga habarlar
16acf4529bfc40.jpeg
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär

10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.


16acf46ff783c1.jpeg
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.


16acb822114ba8.jpeg
Dragon Oil – OGT 2026-nyň göwher hyzmatdaşy

«Dragon Oil» kompaniýasy 21-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň göwher hyzmatdaşy bolar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.

16ac71d19601c1.jpeg
Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar.


16ac11fdab9889.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.