Habarlar

Prezident: «Türkmengaz» DK-nyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmeli

https://ussatnews.com/storage/posts/6373/original-16564819b4d62e.jpeg

Geçen anna güni, 24-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserni bu ulgamda, ilkinji nobatda, uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberini artdyrmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalary, iň täze ylmy we inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak, gaz gysyjy beketleri kämilleşdirmek babatda ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýär.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky gaz gysyjy beketleri kämilleşdirmek boýunça zerur işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Başga habarlar
16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.


16a5252e31c7f6.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda alty aýyň jemlerine garaldy

11-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16a4cddceadee6.jpeg
HNGU-nyň mugallymlary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 mugallymy 28-nji iýundan 7-nji iýula çenli Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan we Çende şäherlerinde ýerleşýän Siýan nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý hünär-tehniki nebit uniwersitetinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.

16a4ccce8c2257.jpeg
Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.


16a49ff9d592e7.jpeg
Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

4-nji iýulda «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde guralan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal diňe bir daşky gurşawy goramagyň däl, eýsem ekologik medeniýeti ylmyň hem-de amaly tejribeleriň üsti bilen baýlaşdyrmagyň meýdançasyna öwrüldi.