Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ekologiýa meselesini maslahatlaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan berkitmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň garaýyşlaryna, şol sanda ABŞ-nyň bu babatda halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça geçirýän çärelerine hormat bilen garaýandygy, öňe sürýän başlangyçlaryna bolsa türkmen tarapynyň oňyn baha berýändigi nygtaldy.
ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Prezident Serdar Berdimuhamedowa howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly häzirki döwrüň möhüm meselesini çözmek we atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uly ähmiýetli işleri geçirýändigi üçin hoşallyk bildirip, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ählumumy ekologik wehimleriň dünýä döwletleriniň öňünde täze wezipeleri, ozaly bilen, milli meýilnamalaryň hem-de strategiýalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, olara parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça häzirki zaman usullarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly wezipeleri goýýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýumlary gönükdirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy öz çözgüdini talap edýär.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bu ulgamda halkara başlangyçlaryň we ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar, şeýle hem degişli konwensiýalaryň we şertnamalaryň milli derejede ornaşdyrylmagy boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar. Biziň ýurdumyzyň şu ýylyň 13-nji noýabrynda BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekmegi Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolunda ilkinji ädim boldy.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda Glazgoda geçirilen “COP-26” maslahatynyň dowamynda biziň ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça başlangyjy goldaýandygyny we onuň düýpli öwrenilmegine gyzyklanma bildirýändigini mälim edendigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu mesele boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri oňyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek baradaky pikiri tassykladylar. Telefon söhbetdeşligi amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda alty aýyň jemlerine garaldy
11-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
HNGU-nyň mugallymlary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 mugallymy 28-nji iýundan 7-nji iýula çenli Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan we Çende şäherlerinde ýerleşýän Siýan nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý hünär-tehniki nebit uniwersitetinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.
Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi
4-nji iýulda «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde guralan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal diňe bir daşky gurşawy goramagyň däl, eýsem ekologik medeniýeti ylmyň hem-de amaly tejribeleriň üsti bilen baýlaşdyrmagyň meýdançasyna öwrüldi.