Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerene nägilelik bildirdi
9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzda gurluşygyň ýagdaýyny seljermegiň zerurdygyna wise-premýeriň hem-de gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Bellenilişi ýaly, dürli desgalary gurmak boýunça örän köp çäreleriň kabul edilendigine garamazdan, olaryň köpüsi ýerine ýetirilmän galýar.
Bizde geljekde täze şäherleri we şäherçeleri gurmagyň ägirt uly meýilnamalary bar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de olaryň amala aşyrylmagy üçin ähli şertleriň -- maliýe serişdeleriniň, köp mukdarda çig malyň, iň esasy bolsa, hünärli işgärleriň bardygyny belledi. Ýöne şol meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin zerur mukdarda gurluşyk serişdelerini öndürmegi üpjün etjek guramaçylyk işleri ýeterlik däl diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de wise-premýere bu işleriň ählisini seljermegi tabşyrdy.
Gurluşygyň binýadyny ösdürmäge esasy üns bermek zerurdyr. Şeýle hem gurluşyk senagatyny ösdürmek, bu ugurda täze önümhanalary we kärhanalary gurmak wajypdyr. Gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly üpjün eder ýaly, gurluşyk önümçiliginiň kuwwatyny sazlaşykly ösdürmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň we onuň ýolbaşçysy R.Gandymowyň adyna hem nägilelik bildirildi. Bellenilişi ýaly, tabşyryk berlendigine garamazdan, häzire çenli hem gurluşyk düzgünleri we kadalary, desgalar gurlanda ulanylýan nyrhlar halkara standartlaryna laýyk getirilmändir. Desgalaryň gurluşygyna hem ýaramaz gözegçilik edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagyň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň, şäherçeleriň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygyny çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda energetika halkasynyň we “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan” elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygyny dowam etmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat pudaklaryna köpräk maýa goýumlaryny gözlemegiň hem-de çekmegiň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ussat news
Kadyrberdi Artykow — GDA-nyň iň gowy talyby
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary
Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär
Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.