Giň gerimli maýagoýum taslamalary sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitledi. Milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolup durýan bu toplum ata Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen iberilmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Bu ugurda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabry ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak senä öwrüldi. Şol gün türkmen halkynyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda giň gerimli “Türkmenistan-Hytaý” gazgeçirijisi açyldy. Dünýäde gazyň gorlary boýunça ikinji orny eýeleýän “Galkynyş” gaz käni onuň çeşmesine öwrüldi. Hut şol günden başlap, her ýyl ýurdumyzda 14-nji dekabrda Nebitgaz senagatynyň we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär.
Häzir Türkmenistan ozalkysy ýaly, HHR-ne turbageçiriji arkaly gaz iberýän döwletleriň hatarynda birinji orny eýeleýär. “Türkmenistan-Hytaý” gazgeçirijisi halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge döwletimiziň möhüm goşandy bolup, bu desga boýunça dostlukly ýurda akdyrylýan türkmen “mawy ýangyjynyň” möçberi her ýyl artýar.
Şeýle hem häzir türkmen tebigy gazy “Döwletabat-Derýalyk”, “Körpeje-Gurtguýy” we “Döwletabat-Hangeran” gazgeçirijileri arkaly daşarky bazarlara ugradylýar.
“Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ähli gazgeçirijilerini bir bitewi ulgama birleşdirdi. Onuň ýyllyk kuwwaty gazyň 30 milliard kubmetrine barabardyr. Netijede “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisi türkmen energiýa serişdelerini Hazar deňziniň üsti bilen halkara bazarlaryna ugratmak üçin şert döretdi.
Iri taslamalaryň ýene biri – uzynlygy 1853 km bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi energiýa serişdelerini dünýä bazaryna akdyrjak täze geçirijiler ulgamyny döretmekde nobatdaky anyk ädim bolar. Ol Günorta Aziýa ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam etmegiň möhüm şertine öwrüler.
Bu taslama Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň hökümetleriniň arasynda baglaşylan gazgeçiriji hakynda Hökümetara ylalaşygyna we Çarçuwaly ylalaşyga laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistan gazy akdyryjy döwlet bolup durýar; Owganystan, Pakistan we Hindistan – alyjylar bolup durýar. Kuwwaty tebigy gazyň 33 milliard kubmetrine barabar bolan gazgeçiriji Türkmenistanda “Galkynyş” gaz käninden gözbaş alyp, Owganystanyň, Pakistanyň çäklerinden geçer hem-de Hindistanyň serhedine baryp ýeter.
Taslamanyň mäkäm ykdysady esasy saklanýar: Pakistanda we Hindistanda TOPH-nyň gazyna uly isleg bildirilýär, Türkmenistan bolsa, gazy eleýeterli bahadan ugradyp bilýär. “Türkmengaz” DK TOPH gazgeçirijisiniň türkmen bölegini doly gurdy, häzirki wagtda ol ulanmaga doly taýýar edildi.
Bu taslama arzan, elýeterli energiýanyň iberilmeginiň hasabyna parnik gazlarynyň howa aralaşýan galyndylaryny azaltmaga ýardam eder, netijede Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmäge hem-de TOPH-na gatnaşyjy-ýurtlarda ekologiýa durnuklylygyny has-da artdyrmaga kömek eder.
Türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek türkmen halkynyň milli Lideriniň, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam edýän garaşsyz Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. “Galkynyş” gaz käniniň gory “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde alanyňda 27 trillion kubmetre golaý möçberde kesgitlendi.
Şeýlelikde, Türkmenistan uglewodordlaryň baý gorlaryna eýe bolup, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýle hem energiýanyň ugradylýan çäklerini giňeltmäge çalyşýar.
Türkmenistan dünýäniň energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň şertlerine we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz senagatyny ösdürmek we tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli maýagoýum taslamalary möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny berkitmekde uly orun eýeleýär.
Energiýa serişdelerine artýan içerki islegi kanagatlandyrmak ýangyç-energetika toplumynyň ýene bir möhüm wezipesi bolup durýar, ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagatynyň ösüş depginleri bilen şertlendirilendir.
Gaz senagatynda täze taslamalary durmuşa geçirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda baý ýataklary ýüze çykarmak, nebitiň we gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýan möçberlerini artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň dürli ugurlaryny döretmek, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary peýdalanmak, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak, şol sanda bu ugurda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny we maýagoýumlaryny çekmegiň hasabyna şol işleri geçirmek maksady bilen gözleg işlerini geçirmäge uly ähmiýet berilýär.
25-27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy- 2023” atly XXVIII Halkara forumy ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylmagynda uly orun eýeledi. Ýurdumyzyň energetika pudagy üçin möhüm çäreleriň biri bolan bu Halkara maslahatyna we sergisine dünýäniň 49 ýurdundan wekilleriň 700-den gowragy gatnaşdylar. OGT-2023 halkara sergisinde kompaniýalaryň 70-den gowragy öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Serginiň işlän üç gününde oňa 10 müň adam gelip gördi.
Azerbaýjandan, Gazagystandan, Türkiýeden, ABŞ-dan, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Malaýziýadan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Kiprden, Ispaniýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Singapurdan bolan wekilleri foruma gatnaşmaga uglewodorod serişdeleriniň dünýäde uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwaty, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýan, dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan döwletiň açyk energetika syýasaty çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysady strategiýasyna laýyklykda tutuş halk hojalyk toplumyny ösdürmegi ugur ediýän wezipeleri çözmek daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilýän görnüşlerini we möçberini artdyrmaga gönükdirilendir.
Ussa Ussaýew,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi
21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.