Täze ösen tehnoligiýalar
Bu ajaýyp awtoulag, “Mersedes-Benz”-iň baş direktory Ola Kallenius “Mersedes”-iň awtoulaglaryny serişde az sarp etmegini isleýär we ähli ýollaryny kesgitleýär. Olaryň aýtmagynda görä Mersedes 2030-njy ýyla çenli öndürýän her bir awtoulag üçin çykdajylary we serişdeleri azaltmak we her awtoulag gurmak üçin 30% az suw sarp etmek isleýär. Şeýle hem “Mersedes” awtoulagy 2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda çykmagyna garaşylýar.
“Awatar” awtoulagy amala aşjakdygyna garamazdan, içindäki pikirler – ýüregiň urmagyny ölçeýän biometrik skaner ýa-da eliňizdäki ýüzýän sanly sensor ekrany ýaly – ajaýyp we häzirki Zaman tehnologiýasynyň güýjüniň boljakdygy görkezilýär.
Ses Paneli JBL Bar 9.1
Görşüňiz ýaly bu Ses Paneli JBL Bar 9.1 göräýmäge bir seretseň, bu adaty, birneme içgysgynç çal ses paneli, ýöne biz bu enjama has içgin synlanymyzda bu JBL 9.1 Bar-yň elde aýrylýan arka simsiz, gürleýjileri sebäpli aslynda deň-duşlaryndan düýpgöter tapawutlydygyny görýäris. Bu ýokardaky öndürijili ses paneli Google Chromecast we Apple AirPlay 2 tarapyndan goldanylýar we Bluetooth ýa-da Wi-fi arkaly sazlary çalyp hem-de diňläp bolýar. Bu enjamy birikdirmek nukdaýnazardan, 4K bilen gabat gelýän 2 HDMI portundan peýdalanyp bilersiňiz. Beýleki enjamlaryň arasynda bu JBL 9.1 Bar ses taýdan gaty güçliligi bilen tapawutlanýar. Hasaplamalara görä, gowy ses berip bermegi başarýar. Bu enjam oýlap tapyş bolman eýsem ol häzirki döwürde kompaniýa tarapyndan satylyşyga goýuldy. Bu ses paneli JBL Bar 9.1 häzirki wagtda be enjamyň bahasy 999 amerikan dollary hasabynda satylýar.
Asics-den akylly aýakgap.
Ýaponiýanyň aýapgap markalarynyň biri bolan Asiсs CES 2020 – Evoride ilkinji akylly köwşüň nusgasyny görkezdi. Täze oýlanyp tapylan beýle at tutulmadyk bu model Ýaponiýanyň “No New Folk” duýgur kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda öndürilen tehnologiýany ulanýar.
“Evoride” aýakgabynyň daşky we ýokarky böleginiň arasynda ýerleşýän ölçeýjisi alty okly hereket ölçeýjisi, şeýle hem gabynyň içindäki barometrik basyş we yrgyldy ölçeýjileri bar. Bu aýakgap pes energiýa sarp ediş hereketini kesgitlemegi üpjün edýän STM32L2 mikrokompýuter tarapyndan dolandyrylýar.
“Evoride” bilen ylgaýanlar näçe energiýa sarp edýändigini, haçan we näçe gerek aýaklary ýere nädip urandygyny, topugyň ýere gaçanda näçe aýlandygyny ýa-da tekizlenýändigini görüp bolýar. Ulgam çep we sag uzynlygyny we ýygylygyny aýratyn seljerýär. Bu aýakgapda ähli maglumat aýakgap programmasyna girizildi.
Häzirki wagtda bu akylly aýakgaplar diňe Ýaponiýada bar we bahasy 300 amerikan dollar töweregi bolup, hem-de onuň täze görnüşleriniň üstünde işlenilýär.
Internet maglumatlar esasynda taýýarlan Çary Abdyrasulow,
Magtymguly adyndaky TDU-iň talyby.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.