Peýdaly maslahatlar

Täze jaýyň gurluşygy — peýdaly maslahatlar

https://ussatnews.com/storage/posts/6477/original-16586e84d1b85d.jpeg

Täze jaýyň gurluşygy her bir adamyň durmuşynda jogapkärli we wajyp aladalaryň biri bolup durýar. Jaý gurluşygy köp wagt, zähmet we serişde talap edýär. Bu işde ýyllaryň dowamynda toplanan peýdaly maslahatlar oňat netijeleri berip bilýär.

Täze jaýyň guruljak ýerini taýynlamaly. Gurluşyk üçin meýdança meýilleşdirilende derwezä we awtoulag duralgasyna çenli aralyk, gurluşyk kadasy we düzgünleri, binanyň ýerleşýän ýeri bilen baglanyşykly beýleki düzgünler, ýagtylyk ugry möhüm orun eýeleýär. Has takygy, binanyň ýerleşjek ýeri meýdançanyň amatly ýerinde bolmaly, ýagtylygyň ugryna görä ýerleşdirmeli, ýokary hilli gurluşyk serişdelerini ulanmaly, geljekki jaýyň taslamasyny çyzga geçirip hünärmen bilen jikme-jik maslahatlaşmaly.

Jaýyň meýdanyna üns bermeli. Uly bina diňe bir gurmak üçin däl, eýsem saklamak üçin hem gymmat bolýar. Onuň ýyladyş, howalandyryş ulgamy, arassalygy we goraglylygy köp zähmet talap edýär.

Ýaşaýyş meýdany meýilleşdirmek. Taslama düzülende esasan, üç sany ýörite otaglary kesgitlemeli: umumy otaglar: myhman otagy, aşhana; hususy otaglar: ulular we çagalar üçin dynç alyş otaglar, ofis; kömekçi jaýlar: hammam, gazan otagy, kömekçi otag, geýim otagy, arassalyk otagy. Otaglar sazlaşykly ýerleşmelidir, meselem aşhana we naharhana otaglary ýakyn ýerleşmeli.

Bulardan başga-da täze jaýyň gurluşygynda üns bermeli taraplary kän. Häzirki wagtda gurluşyk harytlarynyň köpdürliligi, gurluşyk işlerini amala aşyrýan taraplaryň dürli teklipleri we ösen tehnologiki mümkinçilikler bize belli bir derejede ýeňillik döredýär. «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlişi ýaly, örän wajyp bolan jaý gurluşygynda onuň her bir tapgyry boýunça ýokary bilimli, tejribeli hünärmen bilen maslahatlaşmak zerurdyr.

Arslan MYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.