Geçen hepdäniň birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Maltanyň teleke- çileri we beýlekiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekillerine bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kär- hanasynda öndürilen karbamid ýerlenildi.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah mata we nah ýüplük, jins matalary ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 51 million 329 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, nebit ýol bitumyny, el halylaryny, nah ýüplügi, ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 756 müň manatdan gowrak boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Ýaryşlar ussatlary saýlady
Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi.