Türkmenistanyň we Omanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi
1-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrler derejesinde geňeşmeler geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Duşuşyga Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Saýýid Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi gatnaşdy.
Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ilerledilmeginde ýokary derejedäki özara hereketleriň ähmiýeti bellenildi.
Ministrler daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, sebit we halkara düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar.
Taraplar parahatçylygyň, durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň saklanylmagy ugrunda garaýyşlarynyň birmeňzeşligini tassykladylar. Muňa iki ýurduň BMG-niň, YHG-nyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerindäki özara hereketleri hem şaýatlyk edýär.
Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Diplomatlar ýurtlaryň ikisiniň hem özboluşly geografiki ýerleşişiniň bardygyny we Demirgazyk-Günorta hem-de Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginiň möhüm çatrygy bolup durýandyklaryny belläp geçdiler.
Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşyk hyzmatdaşlygyň görnetin mysallarynyň biri bolup durýar. Taraplar bu gatnaşyklaryň ýurtlaryň arasyndaky özara hereketleriň pugtalandyrylmagy we sebitleýin integrasiýa üçin aýratyn derwaýyslygy barada hem durup geçdiler.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Resminamalaryň taslamalarynyň häzirki ýagdaýyna seredilip geçildi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň döredilmegine gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy, çünki ol söwda gatnaşyklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine oňyn itergi berer.
Taraplar häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, bilim we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar hem-de saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we tejribeleri alyşmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär
Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar
14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär
10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.