Habarlar

Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň wekilleri sebitde suwdan netijeli peýdalanmak baradaky meselelere garadylar

https://ussatnews.com/storage/posts/669/original-1601c13b22144e.jpeg

3-nji fewralda Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda wideogörnüşde geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine sebitde suwdan netijeli peýdalanmak baradaky meseleler girizildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Onlaýn duşuşyga Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem iki ýurduň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň döwletimiz suw serişdelerini goramak we ondan rejeli peýdalanmak, bu ýagdaýlar bilen gönüden-göni bagly bolan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak wezipelerini çözmek işinde gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda işjeň orny eýeleýär.

Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalaryna we degişli resminamalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, bu ulgamda birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz suw we ekologiýa diplomatiýasyny öňe ilerletmek üçin şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtaýar. Bu bolsa ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat ýörelgeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Bitarap Türkmenistan suw meselelerine garalmagyna we bu meseleleriň çözülmegine umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalary, özara hormat goýmagyň hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda we abraýly halkara guramalarynyň gatnaşmagynda yzygiderli çykyş edýär.

Biziň ýurdumyz Aral meselesiniň çözülmeginde hem başlangyçlar bilen çykyş etmek ornuny eýeleýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ugurdaky meseleleriň wajyplygy Merkezi Aziýanyň çäklerinden çykýar. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda öz beýanyny tapdy.

Şunuň bilen baglylykda, iş maslahatyna gatnaşyjylar Aral gurşawynyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, bu sebitde suw hzojalygynyň, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilip, öňe sürlen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alyşdylar.

Bu maksatlar Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen bilelikdäki Beýannamada öz beýanyny tapdy.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar Aral sebitinde ykdysady ösüşiň, durmuş abadançylygynyň we ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşdyrylmagynyň suw serişdelerine elýeterlilik, oba hojalygynda olaryň oýlanyşykly we netijeli peýdalanylyşynyň üpjün edilmegi bilen ysnyşykly arabaglanyşyklydygyny belläp, bu ugurda oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Başga habarlar
16ad1fcf5eaae6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.


16ad1ccf926c5d.jpeg
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär

Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.


16ad19ea015f2b.jpeg
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

16acf4529bfc40.jpeg
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär

10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.


16acf46ff783c1.jpeg
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.