Makalalar

Nebit pudagynda döwrebap tehnologiýalar

https://ussatnews.com/storage/posts/672/original-1601c30720b2c8.jpeg

Ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmek, çig nebitiň çykarylyşynyň derejesini talap edilýän ýokary depginde saklamak, işläp geçilýän känleriň önümli gatlaklarynda bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň özleşdirilişiniň bähbitliligini has ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan döwrebap talaplardan ugur alnyp, has oňaýly innowasion çözgütli enjamlary, tehnikalary we tehnologiýalary ikitaraplaýyn bähbitli, has amatly şertlerde nebit önümçiligine ornaşdyrmagyň depginini güýçlendirýär.

Bilşimiz ýaly, bütindünýä nebitgaz tejribesine we ýerasty gidrodinamiki düzgünlere laýyklykda, nebitli känlerde emeli ýagdaýda goldanman, esasan, tebigy energetiki şertlerde işlenip geçilende, wagtyň geçmegi hem-de çig nebitiň köp möçberde çykarylmagy bilen bagly gatlak basyşy peselip başlaýar. Bu bolsa, käniň ulanyş möhletiniň uzalmagy bilen bir hatarda we gönüden-göni ulanyş guýularynyň önüm berijiliginiň derejesiniň peselmegine getirip bilýär.

Ýokarda agzalýan tebigy hadysalaryň täsir edýän döwründe, ýagny çig nebitiň çykarylyşynyň möçberini we depginini talap edilýän ýokary derejede saklamak we ony ýokarlandyrmak maksady bilen, her bir işlenip geçilýän nebitli käniň aýratyn tebigy şertlerine laýyklykda, döwrebap, has oňaýly innowasion çözgütleri kabul etmek we önümçilige ornaşdyrylýan tehnologiýalaryň, esasan, aşakdaky aýratyn şertlere doly gabat gelmekligi talap edilýär:

Ulanyş guýularynyň düýpýan zolagyna we beýleki ugurlar boýunça olaryň önüm çykaryjylyk ukybyna edýän oňaýly täsiri, öňki ulanylýan tehnologiýalardan has ähmiýetli bolmaly;

bahalary elýeterli we netijesi gysga möhletde anyklanýan, şeýle hem, önümçilige ornaşdyrylyş we özüni ödeýiş möhletleri mümkin boldugyça gysga bolmaly;

daşky howa gurşawyny, ýer astyny, ýer üstüni aýawly saklamak şertleri, ýagny ekologiýa babatda ähli talaplara doly derejede gabat gelýän bolmaly we ş.m.

Känlerden çig nebit çykarmak belli bir derejede ulanyş guýularynyň durnukly we sazlaşykly ýagdaýda önüm çykarmagy bilen berk bagly bolup durýar. Häzirki wagtda ulanyş guýularynyň esasy gaznasy gazlift we ştangaly çuňlukdan sorujy usulynda nebit çykarýar. Känlerden çig nebit çykarylanda, käbir tebigy şertleriň täsiri esasynda, ýagny gatlak basyşynyň, çykarylýan önümiň ýylylygynyň derejesiniň peselmegi we ş.m. esasynda, nebitiň düzüminden smola-asfalten-parafm ýaly zyýanly maddalar bölünip çykýar. Ol zyýanly maddalaryň belli bir bölegi ulanyş guýusynyň düýpýan zolagynda galmak bilen bu zolagy hapalap, nebitiň akyp gelmegine goşmaça päsgelçilik döredip, guýynyň önümberijilik ukybyny peseldip bilýär. Şeýle hem bu zyýanly maddalar nebit çykarylýan nasos-kompressor turbalaryň içinde ýygnanmak we guýynyň içindäki enjamlara täsir etmek bilen, dürli usullarda nebit çykarýan ulanyş guýularynyň sazlaşykly we durnukly işlemeginde uly bökdençlik döredýär.

Ýokarda agzalan tebigy hadysalaryň täsirini azaltmak, nebit çykarýan ulanyş guýularynyň sazlaşykly we durnukly işlemegini gazanmak, ýagny çig nebit çykarýan ulanyş guýularynyň düýpýan zolagynda, nasos-kompressor turbalarynyň iç ýüzünde, sorujylarda, ýeriň üstündäki enjamlarda we turbageçirijilerde ýygnanýan asfalt-smola-parafin galyndylaryny arassalap aýyrmak maksady bilen, Şotlandiýanyň «VERATON LP» kompaniýasynyň işläp taýýarlan «Топалюкс» (ТУ 20.59.42-002-01443739-2017) belgili, innowasion çözgütli ýörite himiki ergininiň täsirini öwrenmek üçin ýakynda konserniň degişli hünärmenleriniň hem-de «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda giňişleýin tehniki tanyşdyrma geçirildi. Tanyşdyrmanyň netijesinde hödürlenýän tehnologiýanyň ähmiýetliligini anyklamak maksady bilen, häzirki wagtda işlenip geçilýän nebitli känleriň birnäçe anyk ulanyş guýularynda synagdan geçirmek barada çözgüt kabul edildi. Bu çözgüde we ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna hem-de degişli rugsatnamalara laýyklykda, şeýle hem kompaniýa bilen degişli Pilot şertnamasyny (Başlangyç şertnamasyny) baglaşmak arkaly, hödürlenýän tehnologiýanyň ähmiýetliligini kesgitlemek maksady bilen, Goturdepe we Keýmir nebit-gazly känlerinde degişlilikde 5 sany, Altyguýy nebit-gazly käninde 4 sany we Gamyşlyja nebit-gazly käninde 1, jemi 15 sany ulanyş guýusynda kompaniýanyň maliýe serişdeleriniň hasabyna muzdsuz önümçilik-tejribe synag-barlag işleri ýerine ýetirildi hem-de degişli netijeler gazanyldy.

Şeýle hem konserniň degişli hünärmenleriniň hem-de «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda ýokarda agzalan meselelere degişli, Birleşen Агар Emirlikleriniň «Turkmen Petroleum Produks Trade DMCC» kompaniýasynyň hödürleýän tehnologiýalaryny öwrenmek maksady bilen, giňişleýin tehniki tanyşdyrma geçirildi. Tanyşdyrmada kabul edilen çözgütlere we ýokarda agzalyp geçilen bellenen tertibe laýyklykda, kompaniýa bilen degişli Pilot şertnamasyny (Başlangyç şertnamasyny) baglaşmak arkaly, hödürlenýän tehnologiýanyň ähmiýetliligini kesgitlemek maksady bilen, kompaniýanyň hödürleýän, innowasion çözgütli hasaplanýan «COMBOTRAN» we nebit guýularynyň düýpýan zolagyny arassalamak üçin «PATOPEN» himiki serişdeleri ulanmak arkaly 6 sany, ýagny Goturdepe, Barsagelmez we Altyguýy nebit-gazly känleriniň her biriniň 2 sany ulanyş guýusynda, şeýle hem ultrases täsirli tehnologiýany ulanyş guýularynyň düýpýan zolagynda ulanmak arkaly 5 sany, ýagny Goturdepe, Barsagelmez, Keýmir, Gamyşlyja we Günorta Gamyşlyja känleriniň hersinde 1 sany ulanyş guýusynda, jemi 11 ulanyş guýusynda kompaniýanyň öz maliýe serişdeleriniň hasabyna muzdsuz önümçilik-tejribe synag-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Meýilleşdirilýän önümçilik-tejribe synag-barlag işleri amala aşyrylandan soňra, halkara bäsleşigiň netijesinde hemmetaraplaýyn amatly we has oňaýly tehnologiýa kesgitlener hem-de ony önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler ýerine ýetiriler.

Häzirki wagtda «Türkmennebit» döwlet konserni ýurdumyzyň nebit pudagyny talap edilýän derejede saklamak we ony ösdürmek, ýagny işlenip geçilýän känlerden çykarylýan çig nebitiň möçberini artdyrmak, olaryň önümli gatlaklaryndaky senagat derejesindäki nebit gorlarynyň özleşdirilşiniň bähbitliligini ýokarlandyrmak hem-de işlenip geçilýän gorlaryň öwezini dolmak maksady bilen, geologiýa gözleg-barlag, guýulary gazmak, çig nebiti çykarmak, ony ýygnap, arassalap harytlyk görnüşinde taýýarlap akdyrmak ulgamlaryna degişli innowasion enjamlar, tehnikalar we tehnologiýalar bilen hünärmenleri ýakyndan tanyşdyrmak hem-de olaryň has oňaýlylaryny nebit önümçiligine ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirýär.

Ramazan UDUMOW,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Innowasion tehnologiýalar bölüminiň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.