Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň täze ilçisi bilen energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/6729/original-165d5c5c3b9225.jpeg

20-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi.

Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Hindistanyň dostlukly Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Hindistan Respublikasy Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Türkmenistan we Hindistan söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy, dokma senagaty ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Özara bähbitli gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, täze durmuş we önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly itergi berer.

Saglygy goraýyş ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Köp ýyllaryň dowamynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Derman serişdelerini bilelikde öndürmek boýunça hindi kompaniýalary bilen alnyp barylýan netijeli işler munuň aýdyň mysalydyr.

Ynsanperwer ulgamdaky — ylym, bilim, medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taraplar bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ýaşlarynyň Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary, ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim ojaklarynyň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hindi diliniň öwredilýändigi bellenildi.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.