Hökümet mejlisinde Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň iki aýda işiniň netijelerine garaldy
1-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100,2 göterim, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,4 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 109 göterim berjaý edildi. Daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,5 göterime deň boldy.
Şeýle hem polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmegiň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar
Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.