Makalalar

BILIM ULGAMY ÖSDÜRILÝÄR

https://ussatnews.com/storage/posts/680/original-1601e7c49e4986.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

Biz halkymyzyň “Bilimli nesil – kuwwatly watan” diýen parasatly ýörelgesine eýerip, ýaşlaryň öz zehin başarnyklaryny işde, durmuşda ussatlyk bilen ulanyp bilmekleri üçin amatly şerleri döretmelidiris.

Bilim ulgamynda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işler bu gün ýurdumyzyň ýaşlaryny begendirýän, buýsandyrýan zatlaryň biri bolup durýar. Gurlup, ulanylmaga berilýän çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň sany ýyl – ýyldan artýar. Mekdeplerde interaktiw tagtalaryň gurnalmagy mekdep okuwçylarynyň öz sapaklaryny oňat özleşdirmäge itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sanly bilimiň durmuşa ornaşdyrylmagy geljekde öz işine hünärmenleriň ýetişmeklerine itergi berýär. Şeýle hem ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin sport mekdepleri, medeniýet öýleri yzygiderli ulanylmaga berilýär.

Her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşikleriniň her ýyl yzygiderli geçirilmegi geçirilmegi ýola goýulýar. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary diňe bir ýurduň çäginde geçirilýan ders bäsleşiklerine gatnaşman eýsem, halkara derejesinde geçirilýän internet olimpiýadalaryna hem gatnaşyp altyn, kümüş we bürünç medallaryň ençemesine mynasyp bolýarlar. Bu zatlaryň ählisi ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýsatynyň durmuşa geçirilýändigini, ylym-bilim ulgamynda uly sepgitlere ýetilýändigini aňladýar.

Ýurdumyzyň ýaşlaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan bilimde, döredijilikde, sungatda, sportda ýokary netijeleri gazanýan we gurama tarapyndan guralýan dürli görnüşli bäsleşiklerde ýeňiji bolýan ýaşlara ýylda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň şeýle – de, Ýaşlar baýragynyň gowşurylýar. Munuň özi bolsa ýaşlaryň ylym – bilime, döredijilige bolan höwesini has – da, artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynda syzylyp çykan atalyk kitaplary ýaşlaryň bilimli bolmaklary üçin ullakan kömek edýär. “Döwlet guşy” , “Älem içre at gezer” alty romanlarynyň edebiýat sapagynda geçilmegi okuwçylaryň bu sapakdan alýan bilimini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda çapdan çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynda beýan edilen döwletlilik ýörelgelerimiz bolsa, ýaş nesiller üçin hem görelde, hem ýörelge mekdebi bolup durýar.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri alyp barýan, biz ýaşlara okamana öwrenmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Döwletgeldi ATAJYKOW,

Gubadag etrabyndaky 47-nji orta mekdebiň okuwçysy.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.