Internet hyzmatlary elýeterli bolmagy raýatlarymyzda Gahryman Arkadagymyza çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi
Halkyny röwşen geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda halkara tejribesi esasynda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegi, ilata hödürlenilýän Internet hyzmatlary we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi, köpçülige Internet ulgamynyň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrmagy raýatlarymyzda çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi.
Ýurdumyzda Internet hyzmatlaryny hödürleýän «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we Aşgabat şäher telefon ulgamy tarapyndan eýýäm 2021-nji ýylyň 9-njy fewraldan başlap, hyzmatyň bu görnüşiniň bahalary arzanladyldy. Hususan-da, şäher üçin 256 kbit/s 100 manatdan 2 mbit/s 200 manat aralygynda, daýhan birleşikleri we oba üçin 256 kbit/s 50 manat, 512 kbit/s 100 manat, kärhanalar we guramalar üçin 2 mbit/s 1000 manatdan 10 mbit/s 2000 manat aralygynda, bilim edaralary üçin 512 kbit/s 250 manatdan 2 mbit/s 500 manat aralygynda bellenildi.
«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden ugur alýan Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa raýatlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykaryp, döwrebap ylym-bilim almagy ugrunda edýän tagallalary üçin hoşallyk sözlerimiz ýüregimiziň töründen çykýar. Goý, halky barada uly alada edän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan döwletli tutumlary rowaçlyklara beslesin!
Narbaý ÖZBEKOW,
TDBGI-niň mugallymy.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.