Habarlar

Hytaý ýanwarda Merkezi Aziýadan 3,8 milliard kub metrden gowrak gaz satyn aldy

https://ussatnews.com/storage/posts/714/original-1602409b7057fd.jpeg

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Merkezi Aziýa ― Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 3,87 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz akdyryldy, diýip Sinhua habarlar gullugy Hytaýyň «PipeChina West Pipeline» nebitgaz kompaniýasyna salgylanyp habar berdi.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, geçen aýda gaz geçirijisiniň gündelik iň ýokary gaz üpjünçiligi 153 million kub metr boldy.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, Merkezi Aziýa — Hytaý turba geçirijisi arkaly gaz importy Hytaýyň ýyllyk tebigy gaz sarp edilişiniň 15 göteriminden gowragyny üpjün edýär. Bu turba geçiriji Hytaýyň 27 welaýatynda 500 million adamy «mawy ýangyç» bilen üpjün edýär.

Ussat news

Başga habarlar
16ae9b3c005644.jpeg
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar

Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.


16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.

16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.


16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.