Köňül päkliginiň baýramy
Şu gün eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde Oraza baýramy giňden bellenip geçiler. Remezan aýynyň her güni mübärek hasap edilýär. Magtymguly atamyz: «Eý, ýaranlar ýat ediň haýry dogada bizni» diýýär. Oraza aýynyň edim-gylymlary nesillerden nesillere geçirilmeli mukaddes ýörelgedir. Bir aýyň dowamynda agyz bekläp, ýagşy doga-dileglere beslenen halkymyz ertir hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda dynç alyp, agzybirlikde Oraza baýramyny belläp geçer. Oraza baýramynyň ir säheri metjitlere üýşülip, baýram namazy okalyp, Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin ýagşy doga-dilegler ediler.
Remezan aýynyň dowamynda her bir ynsan agzyny bekläp, gözüni, gulagyny, dilini, tenini synagdan geçirýär. «Diliň diňe ýagşyny sözlesin, gulagyňy gybat-ýalany eşitmekden sakla, gözüň görjegi gowluk bolsun!» diýlip sargalan öwüt-ündewler ynsanlaryň erkini synaýar. Ýagşy işleri hem-de kalby päkligi amala aşyrmaga çagyrýan bu mukaddes aýyň her bir güni adamlar beden we ruhy-ahlak taýdan saplanmaga ýykgyn edýärler.
Gadyr gijesi bu aýyň serweri hasaplanýar. Halkymyz «Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil» diýip, bu gijäni has-da sarpalaýar. «Bu gijede Ýere perişdeler düşläp, ynsan oglunyň edýän doga-dileglerini Allatagala ýetirýärler» diýen ynançdan ugur alynýar. Şeýle-de Gadyr gijesinde her bir türkmen maşgalasy tagam taýýarlap, agzaçar wagtynda goňşokara paýlaýar. Bu mübärek aýyň Gadyr gijesi köňüllere nur-şuglasyny bolluk bilen eçildi. Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz asylly däbimize eýerip, Gadyr gijesi mynasybetli 356 sany raýaty tussaglykdan boşatmak baradaky Permana gol çekdi. Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda garşy alnan Gadyr gijesinde-de şunça ynsanyň maşgala ojaklaryna nur çaýyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu gijäniň türkmen halkynyň durmuşyndaky haýyr-şepagatyny beýik sahawaty bilen has-da artdyrýar. Halk arasynda «Günleriň serweri — juma, aýlaryň serweri — Remezan, gijeleriň serweri — Gadyr» diýlen belent düşünje bardyr.
Oraza bütin musulman ymmatynyň baýramydyr. Musulman senenamasynyň dokuzynjy aýy bolan «Aýlaryň soltany» adyny alan Oraza aýy haýyr-sahawata, ynanç-ygtykatlara, ýagşy niýet-pällere, alkyş-dileglere, mähir-muhabbete, sogaplara beslenen aýdyr. Bu aýda däp-dessurlarymyza laýyklykda agyz beklenip, her bir ojakda agzaçar sadakalary berilýär. Birek-birege, goňşy-golama gadyr-gymmatyň alamaty bolan agzaçarlaryň agzybirligi saklamakda uly ähmiýeti bar. Orazanyň beden saglygyna-da peýdalydygyny bolsa Muhammet pygamberiň: «Oraza tutuň, saglyk taparsyňyz» diýen sözleri hem tassyklaýar. Ynsanlaryň kalbyny tämizläp, olary biri-birine mähriban edýän, agzybirlige çagyrýan bu mukaddes aýyň tamamlanmagy bilen ertir halkymyz Baýram namazyny okap, Oraza baýramyny giňden bellär. Goý, bu mübärek Remezan aýynda edilen ýagşy dilegler, berlen sadaka-pitreler, her bir päk arzuw-niýetler Hakyň dergähinde kabul bolsun!
Ýazgül ANNAÝEWA,
Ussatnews.com.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.