Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutlady
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň röwşen geljegi, halkymyzyň bagtyýar hem asuda durmuşy ugrunda alyp barýan döwletli tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ynsanperwerligi, sahawatlylygy, ahlak ýörelgelerini dabaralandyrýan mübärek Oraza baýramy adamzadyň ruhy tämizlik, ahlak arassalygy, hoşniýetlilik, dostluk we doganlyk, şükranalyk, agzybirlik ýaly asylly häsiýetleri bilen mynasyp garşy alynýar. Mukaddes Remezan aýynyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan täze metjitlerde berlen agzaçar sadakalarynda okalan aýat-töwirlerde, tarawa we baýram namazlarynda pederlerimizden gelýän gymmatlyklarymyzyň mertebesini has-da beýgeldip, täze taryhy döwrümizde metjit gurmak ýaly sogaply işleri mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň alyp barýan tutumly işleriňiziň has-da rowaçlanmagy, öten-geçenlerimiziň ruhunyň şat bolmagy üçin doga-dilegler, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň agzybirligi, jebisligi barada ýagşy arzuwlar edildi.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda döwlet syýasatynda jemgyýetiň ahlak ýörelgelerini pugtalandyrmaga hem-de taryhy-medeni mirasa sarpa goýmaga, ony gorap saklamaga uly ähmiýet berilýär. Şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine ygrarlylyk, däp-dessurlaryň aýawly saklanylmagy, milletiň ruhy gymmatlyklarynyň artdyrylmagy arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemekde-de aýratyn ähmiýete eýedir. Bu mübärek günlerde paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara süýjülikleriň, miweleriň, ir-iýmişleriň sowgat hökmünde iberilmegi halkymyzyň haýyr-sahawata ýugrulan asylly ýörelgeleriniň täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siziň hoşniýetli, ynsanperwer tagallalaryňyz esasynda täze taryhy döwrümizde jemgyýetimiziň ruhy saglygyny, milletimiziň ahlak kämilligini has-da berkitmek, milli däplerimizi mynasyp dowam etdirmek, şol sanda ildeşlerimiziň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmek ýaly mukaddes borçlary hem-de parz amallaryny berjaý etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Siziň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere zyýarat etmegiňiz hem-de halkymyzyň haj parzyny berjaý etmegi üçin döredýän mümkinçilikleriňiz sahawatlylygyň, ynsanperwerligiň beýik nusgasydyr.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Oraza aýynyň sahawata baý Gadyr gijesi bu ýyl hem eziz Diýarymyza öz sansyz sogaby bilen geldi. Halkymyz Gadyr gijesinde il-ulsumyzyň agzybirligini, ýurdumyzyň parahatçylygyny, Zeminiň asudalygyny arzuwlap hem-de öten-geçenlerini ýatlap, aýat-töwir okap, doga-dilegleri edýär. Siziň ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda resminama gol çekmegiňiz belent adamkärçiligiň, rehimdarlygyň aýdyň beýanydyr. Bu adalatlylygyň, rehim-şepagatlylygyň, toba eden günälini bagyşlamagyň, nesillere adamkärçilik babatda terbiýe bermegiň türkmen nusgasydyr. Şol bir wagtyň özünde-de jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we halkyň ahlak kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmak, ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän gymmatly däplerini artdyrmak döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Şonuň üçin-de Türkmenistan ynsanperwer ýörelgeleri daşary syýasat strategiýasynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde kesgitläp, giň halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerledýär.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aýlaryň serweri mukaddes Oraza aýynda amal edilen tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berlen agzaçar sadakalary, il-günümiziň asudalygy, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy üçin okalan doga-dilegler Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.
Ýaş dizaýnerleriň täsin taslamalary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ýaş nesilleriň eşretli hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti: “Türkmengaz” DK gyş möwsümine doly taýýarlyk görmeli
22-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy diýip, TDH habar berýär.
“Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi” atly ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi
Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp Aşgabat şäherinde geçiril halkara sergisiniň we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatynyň geçirilen döwründe, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan “Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi” atly ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
9-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Çaljulba gaz käninde tebigy gazyň akymyny aldylar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary döwlet Baştutanymyzyň uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça berýän möhüm tabşyryklary esasynda döredijilikli zähmet çekip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny zähmet üstünliklerine besleýärler.