Makalalar

Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

https://ussatnews.com/storage/posts/7160/original-166178aee0ef99.jpeg

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, teatr sunagtynyň ösüşine döwlet Baştutanymyz tarapyndan medeniýet ulgamynyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. 2023-nji ýylda “Teatr we teatr işi hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan türkmen milli medeniýetiniň we sungatynyň bir şahasy bolup duran teatr sungatyna aýratyn sarpa goýulýanlygy, teatr sungatyny ösdürmegiň döwlet derejesindäki wajyp işleriň biri hasaplanýanlygy we bu barada uly tagallalar edilýändigi teatr işgärlerini hasam ganatlandyryp, döwrüň sesine seslerini goşup, täze-täze sahna eserleriň döremegine ruhlandyrýar.

Şu ýylymyzyň adynyň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen atlandyrylmagy durmuşymyzyň aýgytly ädim alan nurana ýoluny has hem şöhratlandyryp äleme ýaýýar. Beýik Galkynyşyň ýalkymyndan nurlanýan, Magtymguly Pyragynyň dür paýhasly şygyrlaryndan ylham alyp, şan-şöhraty dünýä ýaýylýan Watanymyzda görülip eşdilmedik özgerişler, ösüşler bolup dur. Öz döredijilikli işleri bilen halkymyzy ruhlandyryp gelýan Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda-da “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzy, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamak boýunça uly işler alynyp barylýar. Täze sahna oýunlaryny, teatrlaşdyrylan kompozisiýalary goýmaklygyň üstünde işlenilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýardamlygy bilen döwletimiziň welaýatlarynda, şol sanda Balkan welaýatynda-da köşk ýaly döwlet drama teatryň açylmagy ilkinji nobatda Balkanly ýaşlarymyzy begendiripdi. Çünki teatr artisti bolmak arzuwy bilen ýaşaýan ýaşlarymyza teatr sungatyna ymykly aralaşmak üçin olara ak ýol açyldy. Şonuň üçinem Balkan welaýat Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda halypa artistler bilen paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň we Türkmen döwlet Medeniýet we sungat mekdebiniň teatr bölümini gutaryp gelýän talyplar halypa şägirtlik ýoluny teatrymyzyň sahnasynda dowam etdirip işleýändikleri bizi hasam buýsandyrýar.

Ýokary we ýörite bilim alyp gelen ýaşlaryň okuwyny gutaryp gelendiklerine sanlyja ýyl geçse-de, ýaş artistleriň teatr sunagtynda öz ýoluny tapýanlygyna olaryň döwletimiz tarapyndan sylag serpaýlara mynasyp bolmagy, şeýle-de olara “Ýokary derejeli artist”, “Sahna ussady” diýilen atlaryň berilmegi hem güwä geçýär.

Türkmen döwlet Medeniýet institutyny gutaryp teatryň açylan gününden bäri işe başlan halypa artistimiz, sahna ussady Ogulgözel Gurbanowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly ada mynasyp bolsa, şu institutyň uçurymlaryndan ýokary derjeli artist Gülsoltan Arazgeldiýewa, sahna ussady Hydyr Hydyrow, A.S.Puşkin adyndaky döwlet drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasynyň uçurymy, ýokary derjeli artist Amansoltan Nepesowa, teatryň baş režissýory Öwezmämmet Galandarow hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyr bäsleşiginiň” ýeňijileridir. Şeýle-de teatrymyzda “Ýokary derjeli artist”, “Sahna ussady” diýen derejeler berilen ýaş artistlerimiziň barlygy Balkan welaýat döwlet drama teatrynda teatr sungatyny ösdürmekde, “Halypa şägirtlik” ýoluny dowam etdirmekde degerli işleriniň alynyp barylýanlygynyň netijesidigini belläp geçmek bolar.

Teatrymyzyň sahnasynda goýulan sahna eserlerinden tomaşaçylaryň ýadynda galan yşky liriki sahna oýunlaryndan “Gumly gelin”, “Yşgymyň ykrarysyň sen”, Gahryman Arkadagymyzyň dür paýhasyndan çykan eserleri esasynda goýulan, şeýle-de taryhy sahna oýunlaryndan “Mukaddesdir bu Watan”, “Baýram han türkmen”, “Soltan Jelaletdin”, “Gilgameş” ýaly sahna oýunlaryny, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna bagyşlanyp goýulan, Türkmenbaşy etrabyndaky polimer zawodynyň ýaşlarynyň durmuşyndan gürrüň berýän ”Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar”, şygyrýet dünýäsinde öçmejek yz goýup giden şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsine bagyşlanan “Sag bol, durmuş”, Türkmen halk dessanlary esasynda goýulan “Asly-Kerem”, “Leýli-Mejnun” sahna oýunlaryny görkezmek bolar.

Teatr diýilende diňe bir sahnada goýulýan oýunlar ýadyňa düşýärdi. Ýöne Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylymda, bilimde, mahlasy hemme ulgamlarda bolup geçýän özgertmeler, ösüşler teatr sungatynda-da alynyp barylmaly işleriň gerimini giňeltdi. Döwlet, welaýat derejesinde geçirilýän baýramçylyk çärelerinde, açylyşlarda teatr artistleriniň teatrlaşdyrylan kompozisiýalary bilen çykyşlary uly höwes bilen garşylanýar. Teatrlaşdyrylan kompozisiýalar bilen çärelerde çykyş etmek indi teatr durmuşynyň agramly bölegi bolup durýar diýsem ýalňyşmaryn. Özem şol teatr çykyşlary geçirilýän baýramçylyklaryň, çäreleriň many mazmunyny buýsanjyny onuň maksadyny teatr kompozisiýasynyň üsti bilen halkymyza ýetirmek bolup durýar.

Mundan başga-da teatrymyzda her hepdäniň şenbe, ýekşenbe günleri “Gülküli agşam” geçirmeklik ýola goýulan. Teatrymyzda mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günleri döwründe çagalar üçin türkmen halk ertekileriniň esasynda goýulan “Kör garga”, “Hyýalymdaky şazadam”, “Aldarköse”, “Aldanan möjek”, “Batyr towşanjyk” atly sahna oýunlary goýulyp, olaryň gowy dynç almaklary üçin şeýle sahna oýunlaryna tomaşa etmäge mümkinçilikler döredilýär.

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry tarapyndan halkymyza edilýän medeni hyzmaty has gowulandyrmak maksady bilen teatryň artistleriniň öz welaýatymyzyň şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap-şäherlerine ýörite düzülen meýilnama esasynda gidip ol ýerde edara-kärhanalarda, mekdeplerde, çagalar baglarynda, welaýat teatrlarynda gülküli sahnalar, oýunlar bilen çykyş etmekligi ýola goýulan.

Teatrda alynyp barylýan işleriň, goýulýan sahna oýunlarynyň teatra gelýän tomaşaçylaryň ýüregine ýetmegi olaryň tomaşa eden sahna oýunlaryndan hoşal bolup gitmekleri üçin teatryň baş režissýory Öwezmämmet Galandarowyň, teatryň suratkeşi Kuwwat Mämmetnepesowyň şeýle-de her bir artisti çykyş edýän döwrüne görä tikilýän egin-eşiklerinde teatryň tikinçileriniň, geýimçileriniň, sahna bezeginde butaforçylaryň, artistleriň ýüz keşplerinde grimçileriň aýratyn hyzmatynyň ulydygyny belläp geçmegimiz gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň teatr sunagtyny ösdürmek barada edýän tagallalaryndan ugur alyp eýsem bu ugurda edilýän işleri hasam giň ýaýbaňlandyrmak maksady bilen Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry tarapyndan Türkmen telewideniýasynyň teleýaýlymlary bilen ysnyşykly işleşmek ýola goýulan. Her aýda teatr artistleri tarapyndan taýýarlanan gysgajyk sahna eserleri, intermediýalar, teatrlaşdyrylan kompozisiýalar, artistlerimiziň ýürek buýsançlary teleýaýlymlar arkaly teleýazga geçirilip halkymyza hödürlenýär. Türkmen telewideniýasynyň “Altyn-Asyr” teleýaýlymynda teatr we döwür atly gepleşigiň her aýdaky sanynda biz öz teatrymyzyň durmuşyndan gürrüň berýän wakalar bilen täze goýulýan sahna oýunlaryndan bölekleri bilen, şeýle-de artistlerimiziň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirip çykyş edip durýarys.

“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyz her bir sungat adamsy üçin döredijilikli işlemegi talap edýän ýyllaryň biri bolup durýar. Hut şonuň üçinem häzir teatrymyz tarapyndan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna şeýle-de 300 ýyllyk toýuna bagyşlap “Dowamatdyr, bagtyýardyr, sarsmaz türkmen binasy” sahna eserini teatrymyzyň sahnasynda goýup halkymyza ýetirmegiň üstünde işlenilýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly toýlara baýramlara beslenýän ýyllaryň biri bolup şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatryndaky döredijilik toparlary artistleri halkymyza täze sahna oýunlaryny hödürläp, şanly toýy mynasyp garşylamak üçin döredijilikli işleýärler. Teatr işgärlerini galkyndyryp, ruhlandyryp işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli edýän döwletli işleri rowaçlyklara beslensin.

Nurgözel Gozlyýewa,

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň oýun goýujy režissýory.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.