Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/7172/original-16618def7e5c4c.jpeg

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

“Siz abraýly hünäriň eýesi bolmak bilen, umumadamzat durmuşynyň has-da gowulanmagyna getirjek häzirki zaman ylmynyň ösüşine yzygiderli goşant goşýarsyňyz” diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri kosmonawta tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, bagtyýarlyk, syrly älemiň täze giňişliklerini öwrenmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Başga habarlar
16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.

16adf6771e1c13.jpeg
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.


16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.