Habarlar

USAID-iň YDA Taslamasy rekruting boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

https://ussatnews.com/storage/posts/7182/original-1661a14ede5555.jpeg

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) rekruterleri taýýarlamak boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigini yglan edýär. Treningi üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara hususy kompaniýalarda işe ýerleşmek mümkinçilik beriler.

Maksatnamanyň maksady gatnaşyjylara rekruter bolmak üçin zerur bolan amaly bilimleri we başarnyklary bermekden ybarat. Rekruter - işgärleri gözleýän we işe saýlap alýan hünärmendir. Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar treningler we tejribelik geçerler hem-de gatnaşyjylaryň işe ýerleşmegine ýardam bermek üçin iş ýarmarkasy geçiriler.

Maksatnamanyň amala aşyrylyşynyň möhleti 2024-nji ýylyň maý aýyndan iýul aýyna çenli.

Bu maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.

Maksatnamanyň gatnaşyjylary bäsleşlik esasynda kesgitlener. Ýerler çäkli.

Maksatnama tölegsiz esasynda geçirilýär..

Gatnaşmak üçin şu linkdäki ýüz tutma formasyny 2024-nji ýylyň maý 13-ne sagat 14:00-a çenli doldurmaly: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSf-byPgx9mYh0rFu6A7gex18wWPKvgML8Q7O4Nk-ZLYVM9Muw/viewform

Başga habarlar
16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.

16adf6771e1c13.jpeg
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.


16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.