Halkara informatika olimpiada gatnaşyjylara söz berýäris
Aleksandr MÝASNIKOW,
A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli gözleg tehniki uniwersitetiniň talyby:
- Men Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasyna gatnaşýandygyma diýseň buýsanýaryn. Biz Aşgabadyň täsin hem-de dünýäde iň bir owadan şäherleriň biridigine ýene bir gezek göz ýetirdik. Uçaryň guşuçar belentliginden açylýan şäheriň gözelligini söz bilen beýan etmek kyn. Türkmenistan özüniň innowasion ösüşi, ak mermerli gözel paýtagty, dynç alyş zolaklary, beýik binalary, taryhy ýadygärlikleri, bagy-bossanlygy bilen her bir ynsanyň göwnüni göterýär we ruhuny galkyndyrýar. Bu olimpiada talyp ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeldýär we olaryň öňünde täze mümkinçilikleri açýar, halklaryň dost-doganlygyny has hem berkidýär.
Şeýle ýokary guramaçylykdaky çäreleri guramaga we gatnaşmaga döredip beren mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygymy bildirýärin.
Ilýa MALOW,
A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli gözleg tehniki uniwersitetiniň talyby:
¬- Türkmenistana birinji gezek gelip gördüm. Aşgabadyň howasy, tämizligi we gözelligi, türkmen halkynyň myhmansöýerligi, açyk göwünliligi, şeýle hem ýaşlaryň bilime, ylma höwesekligi mende örän ýakymly täsirleri galdyrdy. Men Türkmenistan we onuň gözel paýtagty Aşgabat barada kän maglumatlary bilýärin. Muňa garamazdan, bu ajaýyplygy öz gözüň bilen görmek, duýmak düýbünden başga-ça bolýan eken. Türkmen ýaşlarynyň medeniýeti, dost-doganlyga ygrarlylygy, giň düşünjeliligi, mynasyp gylyk-häsiýetleri, bilim-ylym derejeleri öwgi sözleriniň ählisine-de mynasypdyr.
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasyna gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýärin. Şeýle guramaçylykly çäreleri geçirmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.