Habarlar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndaky ylmy-usuly maslahat geçirdi

https://ussatnews.com/storage/posts/7267/original-1662373c0311a7.jpeg

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde “Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny” atly aspirantlaryň, doktorantlaryň we dalaşgärleriň ylmy-usuly maslahatyny geçirdi. Maslahata Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyň wekilleri,Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspirantlary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dalaşgärleri, aspirantlary, doktorantlary, saz-etnografiýa bölüminiň ylmy işgärleri, mugallymlar, ýaş öwreniji mugallymlar şeýle-de talyplar gatnaşdylar.

Çykyşlaryň mowzuklary dürli-dürli boldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty R. Amangeldýewiň giriş sözlerinden soň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň başlygy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty G. Annanepesowa “Görogly eposyndaky sazşynaslyga degişli sözleriň many aýratynlyklaryna” bagyşlanan çykyşy diňleýjileriň ünsüni çekdi. Türkmen halk aýdym-sazyny hemme taraplaýyn, toplumlaýyn, çuňňur öwrenmek meselesini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Z. Jumagulyýewa doly açyp görkezdi. XX asyryň görnükli türkmen bagşylarynyň Gurt Ýakubowyň (G.Saryýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy) we Sahy Jepbarowyň (A. Mämmetgulyýewiň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz-etnografiki laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri) döredijiligi barada maglumat berýän habarlar, şeýle hem konserwatoriýanyň aspiranty L. Hudaýberdiýewanyň “Mukamçy kompozitorlaryň eserleriniň gurluş aýratynlyklary” atly çykyşy gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň aspirantlarynyň ýaş filologlar A. Nepesowa we L. Seýytkulyýewanyň lingwistika we edebi tankyt meselelerine bagyşlanan hasabatlary uly üns bilen diňlenildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň alymlary bilen bilelikde geçirilen dürli mowzuklar boýunça konferensiýalar eýýäm adata öwrüldi. Her ýyl olara gatnaşyjylaryň sany barha artýar. Şeýle duşuşyklar dürli hünärleriň alymlarynyň gözleri bilen käbir ylmy meselelere seretmäge, ylym wekilleriniň gyzyklanmasyny döreden islendik hadysalara köptaraplaýyn deňeşdirme we tipologiki baha bermäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Amangözel ESENOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16aedcf617fb59.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.