Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan tiz kömek awtoulagy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 1 sany “UAZ 39629-016” kysymly tiz kömek awtoulagyny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna bellenen tertipde muzdsuz bermek tabşyryldy.
Ussat news
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar
Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy
29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.
Döwrebap işler bitirilýär
Ýurdumyzyň günbatar sebitindäki hazynaly ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleriniň irginsiz we netijeli zähmetinden aýrybaşga göz öňüne getirmek kyndyr.