Ýurdumyzyň harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulandyrylýar
Döwlet serhet gullugynyň serhet galalarynda durmuş maksatly desgalaryň ençemesi guruldy we ulanmaga berildi, hususan-da, Balkan, Lebap welaýatlarynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, Köýtendag, Bäherden etraplarynda lukmançylyk edaralary guruldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitleriniň birnäçesinde degişli gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem Goranmak ministrligi tarapyndan Balkan welaýatynda has oňaýly, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeniýet öýüniň, mekdebiň, çagalar bagynyň, saglyk öýüniň gurluşygy tamamlanyp ýakyn geljekde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzda harby gullukçylaryň gulluk etmegi, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döredilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwletimiz döwrebap serhet galalarynyň täze binalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny, Watan goragçylary üçin gulluk we durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurýar hem-de ulanmaga berýer, olary döwrebap tehnikalardyr täze enjamlar bilen üpjün edýer.
Ussat news
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.