Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygyna
Türkmenistanyň milli saz medeniýeti aýdym-saz medeniýetiniň däp-dessurlaryna baýlygy bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň bagşyçylyk sungaty özünde aýdym aýtmak ussatlygyny we dutar ýerine ýetirijilik sungatyny birleşdirýär.
Bagşyçylyk sungaty nesilden nesile geçmegi bilen halk içinde meşhur aýdymçy-sazandalaryň atlary bilen bellidir, olardan: Nobatnyýaz-bagşy, Durdy-bagşy, Şükür-bagşy, Kel-bagşy, Çowdur-bagşy, Jepbar-bagşy, Sary-bagşy, Hally-bagşy, Garly-bagşy, Sahy Jepbarow we başgalary belläp bolar. Bagşylaryň repertuarlary halk dessanlary we dessanlardan hem nusgawy şahyrlaryň goşgularyna döredilen aýdymlary düzýär.
Türkmenistanyň meşhur bagşylarynyň biri Sahy Jepbarow 1905-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda dogulýar.
Çagalykdan Sahy uly dogany Allaberdiden dutar saz guralyny sowgat alýar. Allaberdi hem kiçijik Saha dutar çalmagyň ilkinji usullaryny öwredýär. Emma, Sahy Jepbarowyň ilkinji halypasy meşhur bagşy Şyhdurdy Gara bolýar.
Özüniň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmek bilen, Sahy Jepbarow şol bir wagtyň özünde aýdym aýtmak sungatyny hem özleşdirýär. Halypasyndan pata almagy bilen Sahy Jepbarow özbaşdak döredijilik ýoluna düşýär.
Şol döwür Sahy Jepbarow tejribeli aýdymçy Kulmämmet Kuniýewden aýdym aýtmak sungatyny kämilleşdirýär. Kulmämmet Kuniýew Türkmenistanyň halk artisti Aman Kulmämmedowyň kakasydyr. Indi Sahy Jepbarow türkmen dessanlaryndan dürli aýdymlary özleşdirýär we toý-dabaralarda «oglan-bagşy» ady bilen çykyş edip başlaýar.
Sahy Jepbarowyň meşhur bagşy Täçmämmed Suwhangulyýew bilen duşuşmagy ýaş sazandanyň ykbalyna düýpli täsir edýär. Sahy Jepbarow toýlaryň birinji «Saýatly-Hemra» dessanyndan “Garybym” aýdymy aýdan wagty Täçmämmed Suwhangulyýew onuň juda owadan sesini bellemek bilen, ýaş bagşa Sary bagşy, Çöwdür bagşy ýaly meşhur bagşylardan tejribe almagy maslahat berýär. Bu pursat Sahy Jepbarowa juda uly täsirlerini ýetirýär we ol Täçmämmed Suwhangulyýew bilen halypa-şagirtlik däplerini dowam etmegi bilen, öz sungatyny kämilleşdirýär.
Sahy Jepbarowyň Hally-bagşydan hem tälim alýar. Hally bagly oňa meşhur türkmen aýdymçylary, sazandalary, şahyrlary hem edebiýaty barada gymmatly maglumatlary berýär. Aýdym-sazlary nota ýazuwyna geçirmek mümkinçiliklerini düşündirýär we şonuň bilen Sahy Jepbarowyň dünýä garaýşyny has-da giňeldýär.
Wagtyň geçmegi bilen Sahy Jepbarowyň ady bütin Türkmenistana meşhur bolýar, ussat aýdymçy Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda çykyş edýär. Welaýatarda Sahy Jepbarowyň ussat sazandalar we aýdymçylar bilen tanyşýar, olardan tejribe almagyny dowam edýär we öz repertuaryny has-da baýlaşdyrýar, ol «Leýli we Mejnun», «Şasenem we Garyp», şeýle-de mätäji, Magtymguly, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlaryň goşgularyna döredilen aýdymlary öwrenýär.
Sahy Jepbarowyň ilkinji iş tejribesi çagalaryň çeper höwesjeňler gurnagy bilen baglydyr. Bu ýerde Sahy Jepbarow ilkinji aýdymlaryny döredýär, olardan Aman-Durdy Alamyşewiň goşgularyna «Senаgat», «Biziňki» aýdymlary has-da uly meşhurlyga eýedir.
1929-njy ýylda Sahy Jepbarow täze açylan Aşgabadyň drama teatrynyň halk saz gurallary ansamblynyň çeper ýolbaşçysy bolýar we täze sahnalaşdyrylan, şeýle-de Türkmenistanyň dürli künjeklerinde bu saz topary bilen çykyş edip başlaýar.
1930-njy ýyllarda Sahy Jepbarow Gyzyl-Arwat şäherinde täze ansambl döredýär. Soňra hary gullugynda bolan döwri,Mary şäherinde hem harby saz toparyň ýolbaşçysy bolýar. Gullukdan soňra Sahy Jepbarow ýende-de Gyzyl-Arwat şäherinde zähmet ýoluny dowam edýär.
1936-njy ýyldan Sahy Jepbarow Respublikan döwlet halk saz gurallary ansamblyna ýolbaşçylyk edýär. Bu ansamblda Täçmämmed Suwhangulyýew, Hally-bagşy, Mylly Täçmyradow ýaly ussat halypalar bilen işleýär. Bu saz toparyň alyp baran işleriniň netijesinde “Halk saz döredijilik öýi” açylýar we oňa Sahy Jepbarow ýolbaşy hökmünde bellenilýär.
Türkmenistanda Kompozitorlar birleşiginiň açylmagy bilen, Sahy Jepbarow onuň düzüminde Andrian Şapoşnikow, Daňatar Öwezow, Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow, Weli Ahmedow ýaly türkmen kompozitorlary bilen işleýär we täze-täze saz eserleri döredýär.
Beýik Watançylyk urşy ýyllary Sahy Jepbarow saz toparlary bilen frontda esgerleriň öňünde köp sanly konsertler bilen çykyş edýär.
Urşdan soňky ýyllary Sahy Jepbarow Türkmen döwlet filarmoniýasynyň solisti bolup işleýär we türkmen ýaşlaryň saz sungatyna bolan höwesini ösdürmek maksady bilen, ýaş sazandalaryň halypasy bolýar. Onuň okuwçylaryndan Giçgeldi Amanowy, Durdy Saparowy, Hangeldi Annamyradowy, Gurbandursy Jenowy, Orazgeldi Ilýasowy, Ata Esadowy we başga-da ençeme bagşy-sazandalary belläp bolar.
Sahy Jepbarowyň döreden aýdymlary we sazlary, şeýle-de onuň ýerine ýetiren halk aýdym-sazlary Moskwa şäherinde gram plastinka studiýasynda we Türkmenistanyň telewideniýe we radio ýaýlymlarynda ýazgy edilmek bilen, olar Türkmenistanyň altyn fondunda saklanylýar. Şeýle aýdymlardan: “Saýatly Hemra” dessanyndan «Nowgül» we «Dön göwnüm», şeýle-de Allaberdi Haýydowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Gara Seýitliýewiň goşgularyna döreden «Bugdaý», «Ýaşlar», «Senagat», «Watan üçin» ýaly aýdymlary aýratyn uly meşhurlyga eýedir.
Jemal AGAJANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy.
Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi: «Oguzrobot» Hytaýda geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy
2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça çempionatyň sebit tapgyry ýurdumyzyň okuwçylary üçin uly üstünlik bilen tamamlandy.
Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar
2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen "IWISE Global Final 2026" halkara bäsleşigi türkmen mekdep okuwçylarynyň uly ýeňşi bilen tamamlandy. Dünýäniň 400-den gowrak zehinli ýaşlarynyň gatnaşan bu abraýly bäsleşiginde ýurdumyzyň toparlary jemi 12 sany medal (2 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç) eýelemegi başardylar.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýylyň jemlerine garaldy
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny artdyrmaga bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga we olaryň hukuk taýdan bilimini pugtalandyrmaga gönükdirilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärä mugallymlar, talyp ýaşlar, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar
2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek IWISE (International World Innovative Student Exhibition) halkara oýlap tapyşlar bäsleşiginiň Global Final tapgyryna ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 12-si gatnaşar.