«Derýaplastik» HJ elektrik suw gyzdyryjylary çykarmagy özleşdirdi
«Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti elektrik boýlerleriň önümçiligini özleşdirdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda jaşaýyş jaýlary üçin suw gyzdyryjylaryň 400 müňüsini çykarmaga niýetlenen kärhana işe girizildi. Önümçilik sehlerinde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kyrkdan gowragy oturdyldy, diýip TÜRKMENISTAN ALTYN ASYR saýty habar berýär.
Hojalyk jemgyýetiniň täze önümi bäş ýyllyk kepillik bilen çyrakylýar we daşary ýurtlaryňkydan iki esse arzan. Onuň demir bölekleriniň posa ýokary derejeli durnuklylygy innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagynyň hasabyna gazanylýar. Içki termiki baka haryt öndürijiler ýörüte örtgi çalýarlar, baklaryň arasyna bolsa penopoliuretan ýylylyk izolýasiýasyny goýýarlar. Suw gyzdyryjy tenleri –Germaniýanyň önümi.
Häzirki wagtda kärhanada 15 litrden 150 litre çenli boýlerleri çykarmak özleşdirildi. Telekeçiler önüm bilen içerki bazary doldurmagy we onuň eksport mümkinçiligini giňeltmegi maksat edinýärler. Zawodyň kuwwatlylygy ýylda daşary ýurtlara 200 müň bolýer ibermäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl alýuminiý radiatorlary çykarmak hem özleşdiriler.
«Derýaplastik» HJ köp ýyllar bäri ýurtda gurluşyk serişdelerini öndürmekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagta çenli hojalyk jemgyýetiniň düzüminde dört kärhana işleýär, olaryň ikisi plastik önümleri: turbalary, ätiýaçlyk şaýlary we fitingleri, asma bamlary, penjire öňlerini, elektrik kabellerini çykarýar.
Üç ýyldan gowrak wagt bäri keramiki santehnika önümlerini çykarýan zawod işläp gelýär. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksňorta gönükdirilen önümi çykarmak üçin çig mal Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Önümçiligiň möçberiniň giňelmegi bilen birlikde harytlaryň görnüşleri-de artdyryldy, olaryň görnüşleri 1300-e golaýlaýar. 2018-nji ýyldan bäri kompaniýa önümlerini GDA ýurtlarynyň ählisine diýen ýaly ugradýar.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Aşgabatda OGT 2026 forumynyň myhmanlaryny ALI atly adam şekilli robot garşylar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi açylar. Forumyň guramaçylarynyň bellemegine görä, sergi meýdançasynyň esasy tehnologik täzeligi emeli aň tehnologiýalarynyň esasynda işleýän adam şekilli ALI atly robot bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.