Habarlar
161960a2591a0f.jpeg
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde täze dokma toplumy açyldy
18.11.21 - 13:09

17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


16194981b894f4.jpeg
«Eziz doganlar» HJ Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyny gurar
17.11.21 - 10:50

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 300 000 inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 000 sany sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany daşarky eltiji demir we awtomobil ýollaryny, elektrik, aragatnaşyk, gaz we suw üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.


1619489ed6bc7e.jpeg
Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
17.11.21 - 09:49

16-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlandy.


16193fd526be16.jpeg
YHG agza döwletleriň işewürler forumy 26-njy noýabrda Aşgabatda geçiriler
16.11.21 - 23:49

Aşgabatda 26-njy noýabrda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň işewürler forumy geçiriler diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýty habar berýär.


161939df09ff25.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
16.11.21 - 17:02

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.


16192a710625d1.jpeg
Uzynada: nobatdaky guýudan uglewodorod çig malynyň senagat akymy alyndy
15.11.21 - 23:29

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşen Uzynada käninde nobatdaky gözleg-barlag guýusyny burawlamak işlerinniň barşynda çig malyň senagat akymy alyndy. Bu işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri üstünlikli ýerine ýetirdiler.


16192989157c1a.jpeg
Türkmenistan 10 aýda Gruziýa 54,9 müň tonna awiasion ýangyç eksport etdi
15.11.21 - 22:27

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Gruziýa awiasion ýangyjynyň 54,9 müň tonnasyny eksport etdi diýip, Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijileriniň birleşmesi habar berýär. Şu ýylyň on aýynda Gruziýa 73,5 müň tonna uçar ýangyjyny import etdi.


161925f49a32ce.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäherinde iş maslahatyny geçirdi
15.11.21 - 18:23

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde käbir wise-premýerleriň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysynyň, saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.


161922ab25fae7.webp
Hazaryň kenarynda ýedi gatdan ybarat köpugurly hassahananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan
15.11.21 - 14:38

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň haýyşy boýunça 400 orunlyk köpugurly hassahananyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşygy bilen tanyşdy.


16191cddb73561.jpeg
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy
15.11.21 - 08:02

13-nji noýabrda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy.


16190e7a4dc0f1.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
14.11.21 - 15:39

12-nji noyabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.


16190e0ea4a5e0.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitindäki çykyşy
14.11.21 - 15:11

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitindäki çykyşy.


16190cc7302318.jpeg
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde täze kabul edilen kanunlara garaldy
14.11.21 - 13:44

“Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň maksatlary, usullary we tertibi kesgitlenildi. Emläk eýesiniň hem-de bu işde ynançly dolandyryjynyň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän bu resminamanyň möhümdigi bellenildi.


16190b810137fe.jpeg
Halk Maslahatynyň agzalary “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuny biragyzdan makulladylar
14.11.21 - 12:17

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda 30-njy oktýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlara garaldy.


161900a0e63ffb.jpeg
Ýurdumyzyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
13.11.21 - 23:53

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.