Nebitiň bahalary ibermeler bilen bagly howatyrlanmalaryň çäginde ýedi ýyllyk rekordlaryny täzeleýär
22.01.22 - 15:46Ýakyn Gündogardan nebit ibermeleriniň bökdençlik howpy zerarly çarşenbe güni nebitiň bahalary 2014-nji ýyldan bäri maksimum rekordlaryny täzeläp, ýokarlanmagyny dowam edýär diýip, Interfaks habar berýär.
2022-nji ýylda nebite bolan isleg günde 3,3 mln barrele çenli artar, bazar nebit ýetmezçiligini başdan geçirer — HEA
22.01.22 - 13:302021-nji ýylda nebite bolan isleg günde 5,5 mln barrele çenli artdy, 2022-nji ýylda bolsa, bu görkeziji günde 3,3 mln barrele çenli artar diýip, Interfaks we Bloomberg Halkara energetika agentliginiň hasabatyna salgylanyp habar berýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda geçiriler
22.01.22 - 12:46Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini 11-nji fewralda geçirmek meýilleşdirildi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-leriniň syýasy geňeşmelerinde energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
22.01.22 - 10:59Duşenbe güni Daşkent şäherinde geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmelerde ulag-logistika, energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Daşkentde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
22.01.22 - 10:40Daşkende iş sapary bilen baran Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
«Türkmennebit» we «Tatneft» «Goturdepe» ýatagynda hyzmatdaşlyk hakynda goşmaça ylalaşyk baglaşylar
21.01.22 - 14:04“Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnama boýunça Goşmaça ylalaşygy baglaşar.
Owganystanyň Hökümet wekiliýeti Türkmenistanyň DIM-inde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maslahatlaşdy
21.01.22 - 13:56Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýet bilen ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Lebapgazçykaryş»: 2021-nji ýylda 12,4 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy
21.01.22 - 13:24Geçen 2021-nji ýylda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri ýokary öndürijilik netijelerini gazandylar. Kärhana boýunça tebigy gazyň çykarylyşyny 12,4 mlrd kub metre barabar boldy, meýilnama 134% ýerine ýetirildi.
Türkmenistanda nebitgaz ulgamynda ägirt uly önümçilik mümkinçilikleri bar
17.01.22 - 03:55Türkmenistanda ägirt uly çig mal we senagat mümkinçilikleri, şeýle hem ýurdy strategiki taýdan möhüm bolan nebit we gaz önümlerini öndüriji we eksport ediji ýurda öwürmek üçin tebigy we tehnologiki mümkinçilikleri bar. Bu barada ylmy makalasynda CentralAsia.news elektron neşiriniň ylmy synçysy, belli türkmen alymy, tehniki ylymlarynyň doktory we bilermen Allaberdi Ylýasow belledi.
Türkmenistan Gazagystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edip başlamaga taýýar — DIM
17.01.22 - 03:47Türkmenistan Gazagystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edip başlamaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow 11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygynda eden çykyşynda belledi. Duşuşykda Gazagystandaky ýagdaýlar maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Ýakyn wagtda TOPH boýunça ylalaşyklara gol çekiler — Owganystanyň HBS-i
17.01.22 - 03:41Ýakyn wagtda owgan tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlary bilen galan ýedi ylalaşyga gol çeker diýip, TOLOnews owgan telekompaniýasy Owganystanyň DIM-niň beýanatyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň häkimiýetleri bilen nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy
17.01.22 - 03:31Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
17.01.22 - 03:1613-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy hem-de şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.
Hormatly Prezidentimiziň täze goşgy nebitgazçylary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar
17.01.22 - 03:04Ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmenistana Owganystanyň wekiliýeti sapar bilen geldi
17.01.22 - 00:02Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.