Habarlar
161cc74aae226f.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi
29.12.21 - 19:46

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Sankt-Peterburgda geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.


161cbfd637e274.jpeg
Paýtagtymyzda 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaralar geçirildi
29.12.21 - 11:17

28-nji dekabrda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Halkyň Arkadagly zamanasy — agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, adalatyň we ösüşiň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi.


161cb42fdcf22d.jpeg
Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde belläp geçiler
28.12.21 - 22:01

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda Permany.


161cb3e91295fd.jpeg
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan etmek hakynda Karary
28.12.21 - 21:42

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan etmek hakynda Karary.


161cb2c69c3191.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
28.12.21 - 20:25

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.


161cb1e0a36f17.jpeg
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan edildi
28.12.21 - 19:24

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan edildi.


161c9e40e1d528.jpeg
2021-nji ýylda açylan nebitgaz ýataklarynyň möçberi 75 ýylda iň az sanlysy boldy — Rystad
27.12.21 - 21:04

2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda nebit-gaz ýataklarynyň açylyşlarynyň geçen 75 ýylyň dowamynda iň pes derejä ýetmegine garaşylýar. Bu barada energiýa pudagy boýunça seljerme geçirýän “Rystad Energy” kompaniýasy tarapyndan toplanan maglumatlara salgylanyp, Interfaks habar berdi.


161c9e1af758cf.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
27.12.21 - 20:54

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi. ICE Futures biržasynda TTF-niň ýakyndaky fýuçersleriniň bahasy sişenbe güni irden kub metri üçin 2039 müň dollardan geçdi diýip, Interfaks habar berýär.


161c84ce8d7d5a.jpeg
Ýurdumyzda raýatlarymyzyň şäher awtobuslarynda mugt gatnadylmagy guralar
26.12.21 - 16:07

Milli Liderimiz Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Вu çäreleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapan döwlet syýasaty bilen baglylykda amala aşyrylýandygyny nygtady.


161c813540342c.jpeg
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlarynyň dowamynda bazarlaryň, beýleki söwda nokatlarynyň işleri bilen tanyşdy
26.12.21 - 12:01

Hormatly Prezidentimiziň Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmak, bazarlardaky we dükanlardaky harytlaryň nyrhlaryny görmek, oba ýerlerinde bar bolan soraglary öwrenmek boýunça beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna Serdar Berdimuhamedow iş saparlaryny amala aşyrdy, şolaryň dowamynda bazarlaryň, beýleki söwda nokatlarynyň işleri bilen tanyşdy.


161c7feec7eda3.jpeg
Türkmenistanyň Prezdentiniň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permany
26.12.21 - 10:34

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de täze belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:


161c7603c97afd.jpeg
Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýöriteleşdirilen harby mekdebi gurular
25.12.21 - 23:17

Goranmak ministrligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 700 orunlyk 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.


161c75081cd302.jpeg
Türkmenistan “Sputnik Laýt” sanjymyny bellige aldy
25.12.21 - 22:10

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny bellige aldy hem-de ýurdumyzyň çäklerinde ony ulanmak babatda degişli şahadatnamany berdi.


161c6080261502.jpeg
Aşgabat we Yslamabat TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirer
24.12.21 - 22:48

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, duşenbe güni Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161c3d9036b754.jpeg
Türkmenistanyň, Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
23.12.21 - 07:03

18-20-nji dekabrda türkmen wekiliýetiniň Pakistana we Hindistana iş saparynyň çäklerinde energetika ulgamynda, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.